Şatlygymyz goşalandy

2 gün öň
29

Il saglygyny ýurt baýlygyna deňeýän Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzda ynsan saglygyny goramak, sagdyn bedenli, belent ruhly nesli kemala getirmek babatda giň möçberli işler alnyp barylýar. Täze döreýän oba-şäherlerde saglyk maksatly binalar gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp miwesi bolan Arkadag şäherinde gurlan saglyk maksatly binalara iň häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylyp, olarda lukmançylyk hyzmatlary ýokary derejede ýola goýulýar. Sebitde deňsiz-taýsyz owadan şäheriň ekologik taýdan arassa howasy, saýaly we pürli baglary, al-elwan gülleri hem göwnüňi göterip, keýpiçaglyk paýlaýar.

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen gurlup, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ak pata bermegi bilen açylan «akylly» şäher ýakynda baýramçylyk lybasyna beslendi. Ol gün täze şäherde uludan tutulan toý dabaralaryň şatlyk-şowhuny belende galdy. Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygynyň bellenilen gününde «Arkadag Medisina Klasteri Menejment» kärhanasyna Türkmenistanyň sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan hil ulgamynyň laýyklyk güwänamasynyň berilmegi toý şatlygymyzy goşalandyrdy. Arkadag şäherinde täze döredilen kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik ulanylýan lukmançylyk serişdeleriniň dürli görnüşleriniň önümçiligi alnyp barylýar. Täze önümçilikler lukmançylyk edaralarynda zerur bolan serişdeleriň ýerli çig mallardan öndürilýän möçberiniň artdyrylmagynda, bu ugurda ýerli islegleriň kanagatlandyrylmagynda möhüm ähmiýete eýedir.

Bägül DURDYLYKOWA,
Ahal welaýat ýöriteleşdirilen inçekesel hassahanasynyň lukmany.
Beýleki habarlar