Aýdym-sazyň şäheri

2 gün öň
30

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, «Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň beýik ösüşlerini, medeni-ruhy kuwwatyny açyp görkezýän, medeniýetiň we sungatyň has-da rowaçlanýan şäheridir». Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen Medeniýet hepdeliginde hem bu hakykat has äşgär duýuldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen guralmagy asylly däbe öwrülen Medeniýet hepdeliginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda örän ýokary derejede geçirilip, ýatda galyjy duýgulara beslenmegi täze şäherde döredilen ajaýyp şertlerdir mümkinçilikler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. «Akylly» şäherde owadanlygy, kaşaňlygy we özboluşly binagärlik öwüşginleri bilen alamatlanýan medeni ojaklaryň, medeni aň-bilim binalarynyň birnäçesi bar. Döwletmämmet Azady adyndaky kitaphana, Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatry, Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi, Şükür bagşy adyndaky çagalar sungat mekdebi, Sahy Jepbarow adyndaky ýörite sungat mekdebi, Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki hem şeýle binalardyr. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda şol medeni ojaklarda çäreleriň birnäçesiniň üstünlikli geçendigi diýseň guwandyrýar.

Ogulkeýik ÝOLLYÝEWA,
Ak bugdaý etrabyndaky ýöriteleşdirilen 20-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.
Beýleki habarlar