Üstünligiň eýeleri

2 gün öň
43

Sarahs etrabynyň «Bereket» daýhan birleşiginiň hasyl ussatlary şanly ýylymyzda 4 müň 130 gektar meýdandan guşgursak ak bugdaýyň bol hasylyny öndürip, döwlete tabşyrmagy maksat edinýärler. Däne oragynyň gyzgalaňly günlerinde birleşigiň Myrat Töräýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 5-nji kärendeçilik toparynyň alyp barýan işleri öwgä mynasypdyr.

Agzalan öňdebaryjy toparda işleriň sazlaşykly ýola goýulmagy, däne orujy kombaýnlaryň ýokary öndürijilikli işledilmegi netijesinde zähmet üstünligi gazanyldy. Olar galla harmanyna 8 müň 800 tonnadan geçirip däne tabşyrdylar hem-de şertnamalaýyn borçnamany artygy bilen berjaý etdiler. Gazanylan üstünlikde kärendeçiler Kowus Öwezow, Kümüş Töräýewa, Agageldi Jumasahatow dagynyň mynasyp goşantlary bar.

Akmyrat MÜRZÄÝEW, öz habarçymyz.
Surata düşüren awtor.
Beýleki habarlar