Döwrebap ösüşde ylmyň ähmiýeti

2 gün öň
35

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Diýarymyz ösüşleriň ak ýoly bilen barha öňe barýar, özgerýär. Şonuň bilen bir hatarda ylmy tehnologiýalar, dürli innowasion işläp taýýarlamalar ýokary depginde ösýär.

Umumadamzat ösüşiniň tejribesinden görnüşi ýaly, ýurdy dünýä derejesinde öňdebaryjy orunlara çykarýan ykdysady öňegidişlik we ösüş, ilkinji nobatda, ýaş nesle berilýän ylym-bilim bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler ösüp gelýän ýaş nesli okatmagy we terbiýelemegi kämilleşdirmekden, milli bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmakdan ybarat bolup durýar. Şol maksat bilen, bu gün innowasion tehnologiýalar, ylmyň gazananlary, öňdebaryjy dünýä tejribeleri ykdysadyýete giňden ornaşdyrylýar. Jemgyýetiň aň-bilimi, döredijilik mümkinçiligi yzygiderli ýokarlandyrylýar, ýaş alymlary, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamakda uly ösüşler gazanylýar. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzyň ylym-bilim kuwwaty ählumumy parahatçylygyň, dostlugyň, ösüşiň bähbitlerine gönükdirilýär. Iri halkara guramalary, daşary ýurtlaryň ylmy merkezleri bilen ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar boýunça hyzmatdaşlyk halkara we döwletara ylalaşyklar, bilelikdäki ylmy taslamalar esasynda has-da pugtalandyrylýar.

Aýna TANGYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.
Beýleki habarlar