Sungat — köňül köprüsi

2 gün öň
38

Halkyň taryhy ösüşiniň dowamynda gazanan tejribelerini döredijiligiň dürli görnüşlerine siňdirip, nesilleriň arasyndaky ruhy köpri bolup hyzmat edýän medeniýet ulgamy milli gymmatlyklaryň älemgoşar öwüşginli hazynasyny dabaralandyrýar. Medeniýet, milli miras halkyň ruhy baýlygy hökmünde nesilden-nesle geçip, her bir nesil tarapyndan täze gymmatlyklar bilen baýlaşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýeti beýik galkynyşy başdan geçirýär, medeni gymmatlyklarymyz dünýä halklaryna giňden tanyşdyrylýar, umumadamzat gymmatlyklarynyň sanawynda mynasyp orun eýeleýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde giňden bellenilen Medeniýet hepdeligi ruhy gymmatlyklary dabaralandyrýan çärelere baý bolup, toýlar-toýlara ulaşyp gitdi. 25-nji iýunda Aşgabatda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi bolsa baýramçylyk çärelerine aýratyn öwüşgin çaýyp, döwlet tarapyndan medeniýet ulgamynyň dürli şahalarynyň ösdürilmegi ugrunda giň şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nusgasyna öwrüldi. «Dokmaçylar» medeni merkeziniň folklor-etnografiýa tans topary Garaşsyzlygyň ilki döwürlerinden bäri hereket edip, milli sungatda özboluşly ýol döredip, uly meşhurlyga eýe bolan toparlaryň biridir. Bu topar Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň ýolbaşçylygynda daşary ýurtlaryň ençemesinde bolup, milli sungatymyzy ýaýbaňlandyrdy. 2022-nji ýylyň başlaryna gurluşygyna badalga berlen «Dokmaçylar» medeni merkeziniň täze binasynda ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny hemmetaraplaýyn ösdürmek üçin ähli şertler döredilipdir. Hormatly Prezidentimiziň täze desganyň açylyş dabarasyna gatnaşyjylara iberen Gutlagynda «Ilkinji nobatda, bu topar türkmen halkynyň milli medeniýetini, sungatyny has-da ösdürmegi, halk döredijiligini kämilleşdirmegi, oňa döwrebap öwüşgin çaýmagy, ony wagyz etmegi we dünýä ýaýmagy maksat edindi» diýlip, bellemek bilen toparyň döredilen gününden başlap, özboluşly milli ýoly saýlap alandygyna, Türkmenistanyň halk artisti Jemal Saparowanyň joşgunly aýdymlarynyň ajaýyp tanslardaky sazlaşygynyň türkmen sungatynyň gözelligini açyp görkezýändigine aýratyn ünsi çekýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».
Beýleki habarlar