Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy: sazlaşygyň beýany

2 Iýul 2024
720

Ýurdumyzyň iň täsin meýdanly döwlet goraghanalarynyň biri hem Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasydyr. Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Özbegistanyň we Täjigistan Respublikalary bilen bilelikde hödürlän «Beýik Ýüpek ýoly: Zarawşan-Garagum geçelgesi», Türkmenistanyň Özbegistan we Gazagystan bilen bilelikde hödürlän «Aram guşaklykdaky Turan çölleri» köptaraplaýyn hödürnamalary, şol bir wagtyň özünde, ýurdumyzyň «Bereketli Garagum», «Gaplaňgyr» döwlet tebigy goraghanalarynyň, «Repetek» döwlet biosfera goraghanasynyň we onuň «Ýerajy» çäkli döwlet tebigy goraghanasyny çöl ekoulgamlarynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek hakynda çözgüdi biragyzdan kabul edildi. Bu begençli hem buýsançly habar ata Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir gezek beýgeltmek bilen ýurdumyzyň medeni hyzmatdaşlygyny giňeltdi.

Hawa şeýle sanawa girizilen bu goraghananyň çägindäki biodürlülik özboluşlydyr. Bu ýeriň howasy özge ýerlere seredende ýowuzlygy hem-de çalt üýtgeýändigi bilen tapawutlanýar. Üstýurt bilen Sarygamşyň aralygyna ýaýylyp gidýän Gaplaňgyr düzlügi çöl-sähra landşafty, uzaboýuna keserip ýatan gyrlygyň endigan, daşly hem eňňit meýdanlary, kert çüňkler, gury hanalar, aňňat-aňňat gum depeleri bilen özboluşly täsinlige eýedir.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.