Dünýä nusgalyk şäher

1 gün öň
8

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Döwrebap, sazlaşykly ösýän şäheriň özboluşly nusgasyny özünde jemleýän paýtagtymyz sebit we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezi hökmünde dünýäde bellidir. Türkmen paýtagtynda yzygiderli geçirilýän halkara sergiler, maslahatlar, gepleşikler hem oňa aýdyň mysaldyr. Soňky ýyllarda Aşgabadyň şähergurluşyk-binagärlik toplumynda gurulýan täze binalar diňe bir paýtagtymyzyň gözelligine gözellik goşman, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda-da möhüm orny eýeleýär. Munuň özi ýaşamak we işlemek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini aňladýar. Şu hili we birnäçe aýratynlyklary bilen merjen şäherimiz Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna, takmynan, 11 gezek girizildi.

Ma­ýa Gurt­ja­ýe­wa,
«Aş­ga­bat» kö­pu­gur­ly sta­dio­ny­nyň ho­ja­lyk bölüminiň başlygy.