Resmi habar

2 gün öň
26

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna Nikaragua Respublikasynyň Prezidenti Daniel Ortega Saawedranyň adyndan hat geldi. Onda: “Nikaragua Respublikasy bilen Türkmenistanyň arasynda dostlukly gatnaşyklary hem-de bähbitleriň umumylygyna esaslanýan hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrmak maksady bilen, men hanym Tatýana Daniela Garsiýa Silwany Nikaragua Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň tejribesi hem-de şahsy häsiýetleri özüne ynanylan ýokary wezipäni Siziň hormatyňyza mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär” diýlip bellenilýär.

***

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.