«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024
Magtymguly Pyragy öz eserleri bilen edebi mirasymyza we dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna gymmatly goşant goşan türkmen halkynyň beýik danasy hem-de milli buýsanjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, akyldar şahyrymyzyň umumadamzat gymmatlygyna öwrülen pikir-garaýyşlary, watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak arassalygy hakyndaky öwüt-ündewleri halkymyzyň durmuş ýörelgesi we pelsepesidir. Beýik şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten köpöwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary, parasatly sargytlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi. Şoňa görä-de, türkmen hem-de Gündogar edebiýatynyň gazanan baý tejribesini özünde jemleýän Magtymgulynyň çeper döredijiligi dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi tarapyndan öwrenilýär, daşary ýurtly alymlaryň üns merkezinde durýar.