Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri bilen duşuşdy

26 Iýun 2024
508

25-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza iş sapary bilen gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marri bilen geçiren duşuşygynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň dowamynda döwletara gatnaşyklaryň köpugurly we uzak möhletleýin häsiýete eýedigi nygtaldy. Bu gatnaşyklar özara hormat goýmak we birek-birege goldaw bermek esasynda yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, däp bolan gatnaşyklar özara düşünişmegiň we ýakyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar.