Medeniýet — ruhubelentlik çeşmesi

26 Iýun 2024
48

Mälim bolşy ýaly, 22-nji iýunda sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäherinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň Medeniýet hepdeligi açyldy. Milli Liderimiziň başlangyjy bilen 2013-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň dürli sebitlerinde geçirilýän bu möhüm ähmiýetli çäre milli medeniýetiň köpöwüşginliligini, onuň döwletiň we jemgyýetiň ösüşindäki ornuny, ägirt uly parahatçylyk dörediji kuwwatyny görkezýär. Beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna gabat gelen bu giň gerimli Hepdelik özboluşly medeniýet baýramydyr.

Düýn Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sanly ulgam arkaly gatnaşmagynda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň binasynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň Arkadag şäherinde geçirilýän Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylara iberen Gutlagyndaky: «Döredijilik işgärleriniň kämil, döwrebap eserleri döretmekleri, bagtyýar durmuşda ýaşamaklary, öndürijilikli zähmet çekmekleri üçin olary mundan beýläk-de ähli zerur şertler bilen üpjün ederis» diýen sözleriniň iş ýüzündäki dabaralanmasydyr.

«Türkmen dünýäsi».