Ak ýollaryň aýlawy dowamata rowandyr

25 Iýun 2024
278

Bu gün eziz Watanymyzyň halkara abraýyny, dürli ugurlarda gazanylýan üstünlikleri, gurlan we gurulýan täze desgalary, ösen durmuş ulgamy, täze galkynyşa eýe bolan medeniýet ulgamy, üstünlikli bilim özgertmeleri... ýaly islendik ugurlara ser salanyňda, Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçiren beýik özgertmeleri, ýurdumyzyň gülläp ösmegi, halkymyzyň abadançylygy ugrunda alyp baran işlerine göz ýetirýärsiň. Taryhda yz galdyrjak nusgalyk işleri bitirip, halkyň ynamyna mynasyp bolmak, oňyn başlangyçlar bilen halkara giňişligine çykyp, dünýä halklarynyň arasynda tanalmak, döredijilik ýoluny gurmak beýik Şahsyýetlere başardýar. Olar öz halkynyň beýik Ogly bolup, taryha girýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow öz ylmy işleri we çeper eserleri, reformatorçylyk ukyby, maksada okgunly häsiýeti, watanperwerligi, sahawatlylyk ýörelgeleri bilen halkyň uly ynamyny, söýgüsini gazandy. Gahryman Arkadagymyzyň badalga beren «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi döwlet syýasatynyň baş ugruna öwrülip, bu gün durmuşyň ähli ugurlarynda şöhlelenýär. Milli Liderimiziň özgertmeler syýasaty ägirt uly ykdysady kuwwaty bolan ýurdumyzyň, baý medeni we aýawly saklanýan mirasy bolan halkymyzyň tutuş dünýäde ýokary baha we ykrarnamasyna eýe bolmagyny üpjün etdi.

Ogulbagt ÇOPANOWA,
«Ahal durmuşy».