Bu gürrüňçil ýaşuly bilen ilkinji gezek duşuşyp, söhbet guranyma iki ýyl dagy boluberipdir. Ýakynda ýene-de paýtagtymyzyň iň ýaşuly ýaşaýjylarynyň biri, 95 ýaşy arka atan Seýitmyrat aganyň ýanyna hyýallandym. Jaňlaşyp, wagt belleşdim. Onuň köplenç bolýan deresine ýetinçäm birneme ýadadym. Şeýle bolmazça-da däldi. Ulagymy goýup, bir sagada golaý ýol sökmeli boldum. Her gün ýöremegi endik edinemsoň, ilkibaşda bu menzili ýeňil geçerin öýdüpdim. Ýöne depeli-düzli ýerlerden menzil aşmak ýeňil-ýelpaý iş däl. Ýaşulynyň saglyk hakdaky, garaz, sagdyn durmuş ýörelgesi baradaky geçen gezekki gürrüňleri güýç berdimi, nämemi, ahyry bellenilen ýere ýetdim. Seýitmyrat aga adaty hoşgylawlygy bilen garşy alyp, mürähet etdi: «Ýer-ow, ýaş ýigit, arman-ýadaman geldiňmi?! Otur, dynjyňy al. Men saňa meýdan otlaryndan demläp goýan çaýymy bereýin. Ýadawlygyň el bilen aýrylana döner. Onsoň, nahar edineli. Soňam näme, dynjyňy alaňsoň, birneme gezelenç edeli. Şu jülgäň jana şypaly ýerlerine aýlaýyn. Elbetde, gürrüňe-de wagt tapylar».
Ýaşulynyň berýän gürrüňleri biri-birinden gyzyklydy. Seýitmyrat aga bilen söhbetdeşligimizden bölekleri okyjylara ýetirmegi makul bildik.