Aralyk

19 Iýun 2024
1163

Ata-babalarymyz gadym döwürlerden başlap, aýyň-günüň hasabyny ýöredip, özleriniň ekerançylyk, çarwaçylyk işlerini alyp barypdyrlar. Şonuň netijesinde halkymyzyň senenamasy peýda bolupdyr. Oňa laýyklykda, 21-nji iýundan aralyk döwri başlanýar. Ol iýul aýynyň 22-si aralygy öz içine alyp, 32 günläp dowam edýär.

Mälim bolşy ýaly, 22-nji iýun ýylyň iň uzyn günüdir, şol günüň gijesi bolsa ýylyň iň gysga gijesidir. Halkymyzyň arasynda bu döwür barada «Geleninde aralyk — gawun bişer saralyp» diýen nakyl ýörgünlidir. Iýun aýynda diňe bir gawun däl, eýsem, dürli miweler hem köpçülikleýin bişip ugraýar. Şonda ilki bilen erik, ülje we alma bişýär, aýyň ahyrynda bolsa şetdaly hem-de irbişer üzümler ýetişýär. Iýun aýynda gymmatly baýlygymyz bolan bugdaý orulýar, gowaçalar köpçülikleýin gülleýär.

Fahriddin HUDAÝŞUKUROW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri.