Ykdysady ösüşiň ýoly bilen

12 Iýun 2024
402

Ätiýaçlandyryş — ygtybarly goragyň kepili

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda belent sepgitlere ýetilýär. Bu ösüşler diňe bir öňde goýlan maksatlara ýetmäge badalga bolman, eýsem halkyň hal-ýagdaýynyň gowulanýandygyny hem-de durmuş derejesiniň ýokarlanýandygyny aňladýar. Ýurdumyzda ykdysadyýetiň ösmegi, bazar gatnaşyklarynyň dünýä derejesine çykmagy ätiýaçlandyryş işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegi talap edýär. Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasy hem ykdysady subýektleriniň maliýe ýagdaýyny has-da pugtalandyrmak, ilatyň hem-de hojalyk işleri bilen meşgullanýan şahslaryň dünýä derejesinde ýola goýlan ätiýaçlandyrma hyzmatlaryna bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen döredildi.