Türkmen sportuna bagyşlanan dabara

3 Iýun 2024
535

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy bolan eziz Diýarymyzda ynsan saglygy baradaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynda esasy orny eýeleýär. Sport we bedenterbiýe bilen meşgullanmak ynsan saglygy üçin möhüm ähmiýetlidir. Bu babatdan, ýurdumyzda giň möçberli işler alnyp barylýar, halkara talaplara laýyk gelýän milli sport ulgamy döredilýär. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, «Hormatly Arkadagymyzyň ýol-ýörelgelerine eýerip, eziz Diýarymyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen asylly başlangyçlarymyz dünýäniň abraýly sport düzümleri tarapyndan giň goldawa eýe bolýar». Bu hakykaty paýtagtymyzda geçirilen GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisiniň çäklerinde  Aşgabat şäheriniň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri» diýlen çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi hem doly tassyklaýar. Paýtagtymyz Aşgabatda soňky ýyllarda gurlan Olimpiýa şäherçesi, Olimpiýa suw sport toplumy, Milli Olimpiýa sport köşgi, Gyşky oýunlar sport toplumy, «Aşgabat» köpugurly stadiony ýaly iri sport desgalary sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmekde giň mümkinçilikleri açýar.

«Zenan kalby».