Ýüreklere ylham beren waka

20 Maý 2024
183

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň dabaralandyrylan günlerinde ak mermerli paýtagtymyzda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakalar her birimiziň kalbymyzy goşa getirdi. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda Aşgabadyň täsin tebigatly künjeginde «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy şöhratly wakalaryň üstüni ýetirdi.

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň medeni-seýilgäh toplumynyň açylyş dabarasyndaky çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt üçin, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmegine ýardam edýär.

Gülälek NYÝAZMYRADOWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni.