MYHMAN GELÝÄR ÝAKYN-DAŞDAN

17 Maý 2024
292

«Pähim-paýhas  ummany  Magtymguly  Pyragy»  ýylynda  Gündogaryň  beýik  akyldary   Magtymguly  Pyragynyň  doglan  gününiň 300  ýyllygynyň  şanyna  ýurdumyzda   geçirilýän  dabaralara  gatnaşmaga  alys-u-ýakyndan   myhmanlar  gelýär.

Şu  gün,  ýagny  17-nji  maýda  Türkmenistana   Hytaýyň  Halk  syýasy konsultatiw geňeşiniň  Ählihytaý  komitetiniň  Başlygynyň  orunbasary   hanym   Şen  Ýueýue  geldi.   Mähirli  garşylanan  hanym  Şen  Ýueýue «Ýyldyz»  myhmanhanasynda   Magtymguly  Pyragynyň  doglan  gününiň  300  ýyllygyna  bagyşlanyp,  medeniýet  ministrleriniň  derejesinde  geçirilen   halkara  maslahatynyň  açylyş  dabarasyna  gatnaşandan  soň,  Maslahat  köşgünde  türkmen  halkynyň  Milli Lideri,  Türkmenistanyň  Halk  Maslahatynyň  Başlygynyň  maşgalasy  hanym  Ogulgerek  Berdimuhamedowa  bilen  duşuşdy.  Hanym  Ogulgerek  Berdimuhamedowa hanym  Şen  Ýueýue we  bu  ýerde  geçirilen  «Türkmen – hytaý  zenanlarynyň  dünýäsi»  atly  maslahata  gatnaşdylar  we  çykyş  etdiler.

«Zenan kalby».