Bagtly çagalygyň ýurdy

1 Maý 2024
728

Perzentleriniň edepli-ekramly, il-güne, ata Watana wepaly, ylymly-bilimli, hünärli nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak türkmen halkynda hemişede esasy aladalaryň biri bolupdyr. Bu babatda asyrlaryň dowamynda kämil ýörelgeler kemala gelipdir. Şol ýörelgeler ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň ýaş nesil hakyndaky nusgalyk aladalary giň gerimliligi bilen buýsandyrýar. Şol aladalaryň çäklerinde, çagalaryň tebigy zehinukybyny ýüze çykarmakda, olary sungatyň dürli ugurlaryna gönükdirmekde ýetilýän sepgitler guwandyryjydyr. Munuň özi geljekde çaganyň durmuşda öz mynasyp ornuny tapmagynda ähmiýetlidir.

Zehinli körpeleriň arasynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen «Garaşsyzlygyň merjen däneleri», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Merdana nesil» ýaly bäsleşikleri möhüm ähmiýetli çäreleriň hatarynda görkezmek bolar. Tebigy zehinbaşarnykly çagalaryň uly toparyny ýüze çykarýan bu bäsleşikleriň guwandyryjy netijeleri tutuş halkymyzda buýsanç duýgularyny döredýär. Şeýle zehinli çagalaryň kemala gelmeginde mynasyp goşandymyzyň bolmagy buýsançly başymyzy hasda belende göterýär.

Jahan Esenowa,
Gyzylarbat şäheriniň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.