Änew — gadymy şäher

14 Aprel 2024
431

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan dörän «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp kitaby halkymyza sowgat bermegi göwün guşumyzy ganatlandyrdy. Täze kitaby okap, şöhratly taryhymyza bolan buýsanjymyz has-da artdy. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň halkara abraýyny artdyrmakda başyny başlan işleriniň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda dowam edýändiginiň güwäsi boldy.

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda ekerançylygyň dörän ýeri, ak bugdaýyň mekany hökmünde tanalýan Änew şäheriniň şöhratly taryhy beýan edilýär. Gadymy medeni ojagyň merkezi hasaplanýan Änew şäheri baý taryhy bilen tapawutlanýar. Hormatly Prezidentimiz täze kitapda: «Gadymy Änew adamzat taryhyndaky möhüm merkezleriň biridir. Änew şäheri diňe taryhy bilen däl, eýsem, şu günki ajaýyplygy we uzak geljege gönügen ösüşli beýik maksatlary bilenem dünýäniň ünsüni özüne çekip bilýär» diýip belleýär. Ajaýyp kitapda taryhda rysgal-bereketli türkmen topragynyň uly ösüşleri başdan geçirendigi aýdylýar.

Şyhmustapa HUDAÝBERDIÝEW,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň uly mugallymy.