Türkmenistan parahatçylyk dörediji strategiýany işjeň durmuşa geçirýär

12 Aprel 2024
113

Aşgabat, 11-nji aprel (TDH). Şu gün Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek” atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar, talyplar gatnaşdylar.

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk ýurdumyzyň türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatynyň esasyny düzýär. Şunda ylalaşyklylyk, hoşniýetlilik, dost-doganlyk, ynsanperwerlik ýörelgelerine möhüm ähmiýet berilýär.