Ählumumy parahatçylygyň bähbidine

12 Aprel 2024
250

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Şu mynasybetli 11-nji aprelde Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Parahatçylygy ilerletmek: ýurtlaryň arasynda ynanyşmagy berkitmek boýunça strategiýalary durmuşa geçirmek» atly maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan foruma Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri, daşary döwletleriň we halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň, onuň ýöriteleşdirilen düzümleriniň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, Mejlisiň deputatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, professor-mugallymlar we talyplar gatnaşdy.

Maslahatda sanly ulgam arkaly BMG-niň Baş sekretarynyň kömekçisi, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory hanym Iwana Žiwkowiç çykyş edip, Baş Assambleýa tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi mynasybetli guralýan maslahata gatnaşmagyň özi üçin uly hormatdygyny aýtdy. Onuň belleýşi ýaly, munuň özi hemmeleri köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy, dialogy we parahatçylyk döredijilik ýörelgelerini ösdürmek boýunça tagallalary işjeňleşdirmäge çagyrýar. Bu ýörelgeler ählumumy durnukly geljegiň maksatlaryna ýetmekde möhüm serişde bolup çykyş edýär.

«Watan».