Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyna mähirli gutlaglar

8 Aprel 2024
263

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň adyna Bütindünýä saglyk güni mynasybetli köp sanly gutlag hatlary we telegrammalar gelip gowuşýar. Hatlarda bu halkara baýramyň ýurdumyzda giňden bellenilýändigi, onuň «Sagdyn bedende — sagdyn ruh» ýörelgesine ygrarly halkymyzyň parasatly däpleri bilen çuňňur baglanyşygynyň bardygy bellenilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli özgertmeleriň netijesinde bu däpler täze ösüşe we mazmuna eýe bolýar. Hatlary iberenler döwlet Baştutanymyzy bu ajaýyp baýram bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, uzak ömür, Watanymyzyň rowaçlygynyň, gülläp ösüşiniň bähbidine alyp barýan işlerinde egsilmez güýç-kuwwat arzuw edýärler.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa mähirli gutlaglaryny iberdi.

(TDH)