Sahawatlylygyň, ynsanperwerligiň dabaralanýan eýýamy

3 Aprel 2024
287

Sahawatlylyk, haýyr işlere amal etmek, sogap gazanmak her bir ynsanyň ömrüni bezeýän, ýaşyny uzaldýan işlerdir. Ata-babalarymyzdan gelýän asylly däp-dessurlarymyzyň, haýyr-yhsanlyga, halallyga, belent adamkärçilige ýugrulan ýol-ýörelgelerimiziň dowamat-dowam bolmagy üçin ähli şert-mümkinçilikleriň döredilýän Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen sogap işleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň döwlet syýasatynda esasy ýörelgä öwrülendigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Türkmen halky bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän iň oňat şertlerinden peýdalanyp, eşretli durmuşyň hözirini görýär, halal zähmet çekip, rysgal-berekede ýetýär. Mukaddes Oraza aýynda il agzybirliginde, ýurt parahatçylygynda asyrlar aşyp gelýän milli däp-dessurlarymyz täze röwüşde dowam etdirilip, kalbymyzy ruhubelentlige besleýär.

Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini, bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Gadyr gijesi mynasybetli hormatly Prezidentimiziň Permany esasynda her ýyl iş kesilenleriň günäsiniň geçilmegi sahawatlylygyň, ynsanperwerligiň nusgalyk güwäsidir, toba edenleri dogry hem halal ýola gönükdirmek ýaly pederlerimizden gelýän haýyrly ýörelgäniň ajaýyp zamanamyzda has-da rowaçlanýandygynyň kepilidir.

«Balkan».