Daşky gurşawyň sazlaşygy

11 Ýanwar 2023
1369

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe peder ýoluny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýär. Arkadagly Serdarymyz her bir çykyşynda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa degişli halkara ülňülerine laýyk gelýän kanunçylyk namalary kämilleşdirmek, döwrebaplaşdyrmak, bar bolan kanunlara üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça degişli işleri alyp barmagy nygtap geçýär. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek we tokaýlaşdyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan işleriniň biridir. Diýarymyzda ösdürilip ýetişdirilýän dürli görnüşli baglar tebigatymyzyň gözelligini has-da artdyryp, ekologiýa abadançylygyny gowulandyryp, raýatlarymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

Daşky gurşawyň arassa bolmagy sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini gurmagyň gözbaşydyr. Şonuň üçin daşky gurşawyň düzüm böleklerini özünde jemleýän toprak, howa, suw, daglar, ösümlik we haýwanat dünýäsi biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bolup, adamzadyň ýaşaýşynda möhüm orun tutýar. Sagdyn ýaşaýyş jemgyýetini döretmekde tebigatyň ajaýyp baýlyklarynyň biri hem ösümlik dünýäsidir. Ösümlik dünýäsi daş-töweregimizi bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwrüp, ynsanlara ruhy lezzet berýär.

Şeker GURBANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň kafedra müdiri.