Zeminiň zynaty

30 Noýabr 2022
1324

Gözelligiň göwher gaşyna, Aziýanyň merjenine deňelýän mähriban paýtagtymyz Aşgabat bu gün diňe dünýäniň has ösen we ýaşamak üçin amatly şäherleriniň arasyndaky ornuny pugtalandyrman, eýsem, Ýer ýüzüniň ekologiýa taýdan iň arassa şäherleriniň birine hem öwrülýär. Aşgabadyň şaýollarydyr köçeleriniň ugrunda döredilen ýaşyl zolaklaryň, gür bagly seýilgähleriň ýylyň islendik paslynda gök öwsüp oturmagy şäherimizde arassa howa gurşawynyň döredilmegine özüniň oňaýly täsirini ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň başlangyçlary bilen alnyp barylýan gözel paýtagtymyzy mundan beýläk hem kämilleşdirmek we abadanlaşdyrmak işleri bilen bir hatarda, onuň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmeklige hem uly üns berilýär. Ak şäherimizi arassa howa gurşawy bilen üpjün etmekde örän uly ähmiýete eýe bolan sapaly seýilgählerimiz paýtagtymyzyň özboluşly binagärliginiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ähli amatly şertler döredilen şeýle ajaýyp seýilgählerde medeniýetli, tebigatyň özboluşly gözelligini synlap, dynç almak bolsa adamyň döredijilikli we üstünlikli işlemegi üçin ylham çeşmesi bolup hyzmat edýär. 

Jumageldi AMANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň uly mugallymy.