Tebigaty goramak mukaddes borçdur

30 Noýabr 2022
1505

Tebigatda ähli zadyň öz orny, ýerine ýetirýän hyzmaty bar. Daş-töweregimizi gurşap, ýaşaýyş-durmuşymyzy, obalardyr şäherçelerimizi, şäherlerimizi bezeýän ýaşyl baglar, goýny gözelliklerden doly, haýbatly gara daglar, suwunda dürli balyklar ýüzüp, üstünde guşlar uçýan deňiz-derýalar, ösümlik hem haýwanat dünýäsi... — ähli zat goraga mätäç. Tebigatyň ösümlik we haýwanat dünýäsinden aýawly peýdalanmak, onuň baýlygyny gorap, gözelliklerini geljekki nesillere hem miras goýmak üçin ata-babalarymyz uly alada edipdirler. Suwa, ýere, baglara, haýwanat dünýäsine çemeleşilende, örän seresap bolmalydygy, aýawly garamalydygy barada yrym-ynançlary, adat-ýörelgeleri döredipdirler.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy arassa saklamaga, tebigy baýlyklarymyza aýawly çemeleşmäge we olary netijeli peýdalanmaga, ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary önümçilige yzygiderli ornaşdyrmaga möhüm ähmiýet berilýär. Eziz Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly saklamak boýunça maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Gök zolaklary döretmek boýunça kabul edilen maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly ýaramaz ýagdaýlara garşy göreşmek babatdaky bütindünýä işine ägirt uly goşantdyr. Berkarar döwletimizde her ýyl ýaz we güýz pasyllarynda ählihalk bag ekmek çäresiniň geçirilmegi her bir şäheriň, ilatly ýeriň daş-töweregindäki çäkleriň gözelleşmegine oňaýly täsirini ýetirýär. Ata Watanymyzda şeýle sogap işler yzygiderli durmuşa geçirilmek bilen, dag eteklerindäki, akabalaryň we derýalaryň boýlaryndaky, deňiz kenarlaryndaky jeňňellikleriň hem giňelip, haýwanat dünýäsiniň ençeme görnüşleri üçin ajaýyp mesgene öwrülýändigi bellenilmäge mynasypdyr.