«Ýaşyl» energiýa

29 Noýabr 2022
1308

Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda energetika pudagynyň mümkinçilikleri barha artdyrylýar. Ýurdumyzda «ýaşyl» energetikany ösdürmek, ykdysady taýdan amatly, ekologik taýdan arassa energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerini giňden ulanmak boýunça çäreler geçirilip, köpugurly elektrik desgalarynyň gurluşygy amala aşyrylýar. Hormatly Prezidentimiz 25-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde «ýaşyl» energiýa boýunça wezipeler barada aýratyn belläp geçdi. Energiýanyň bu görnüşiniň ekologiýa abadançylygy hem-de pudagyň düzümini kämilleşdirmek üçin ägirt uly ähmiýete eýedigini nazara almak bilen, onuň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça taslamalaryň örän derwaýysdygyny belledi.

«Ýaşyl» energiýa diýlip, (gaýtadan dikeldilýän ýa-da täzelenýän energiýa) sarp edilişinden has çalt tizlikde ýerine dolup durýan tebigy çeşmelerden alynýan energiýa düşünilýär. Häzirki döwürde «ýaşyl» energiýa öndürilýän, gaýtadan dikeldilýän çeşmeler Gün şöhlesi, ýel, suw, geotermiki çeşmeler, deňiz akymlary we tolkunlary, biomassa, biogaz we biokurrentler bolup durýar.

Bibitäç ROZYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.