Gözel tebigatyň goragynda

23 Noýabr 2022
1176

Hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 1-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII  gurultaýynda eden taryhy çykyşy ähli halkymyzda, aýratyn-da, ýaşlarda uly ruhubelentlik döretdi. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII  gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi ýaşlary täze döwrüň ruhuna laýyk belent maksatlara ruhlandyrdy.

«Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda ýaşlar gurşawynda ekologiýa syýahatçylyk ulgamyny döretmek we ösdürmek, ýaşlarda daşky gurşawyň düzüm böleklerine ekologiýa aňyny, medeniýetini we aýawly garaýşy döretmek esasy meseleleriň biri bolup durýar. Ýurdumyzda atmosfera howasyny senagat önümçilikleriniň zyýanly zyňyndylaryndan goramak, «ýaşyl» ykdysadyýet ýörelgelerini giňden ornaşdyrmak, pes uglerodly energetika geçmek, howanyň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça halkara ekologiýa kadalaryna laýyk getirmek üçin uly işler durmuşa geçirilýär.

Hojamyrat GURBANDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.