Suwy süýjetmegiň usullary

5 Ýanwar 2021
3128

Hormatly Prezidentimiziň 2009-njy ýylyň 15-nji iýulynda «Altyn asyr» Türkmen kölüniň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: «Halkymyzyň «Suw ýygnanyp, köl bolar, köp ýygnanyp, il bolar» diýip belleýşi ýaly, «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenar ýakalarynda ýakyn geljekde täze şäherçeler, etraplar, obalar dörär. Täze mekanyň bagtyýar eýeleri boljak raýatlarymyz bu toprakda miweleri, baglary ösdürip ýetişdirerler. Şor suwlary süýji suwa öwürjek täze desgalaryň giden bir ulgamy peýda bolar» diýip belledi. Hut şu jähtden ugur alyp, häzirki wagtda dünýäniň öňdebaryjy innowasion tehnologiýalaryny ulanyp Türkmenistanda duzly suwlary süýjetmek (duzsuzlandyrmak) üçin döwrebap suw arassalaýjy desgalary guruldy we gurulmagy dowam etdirilýär.

Bilşimiz ýaly, dünýä ýüzünde süýji suwuň ýetmezçiligi 40-dan gowrak döwletde duýulýar, esasan-da, bu ýurtlar gurak zolakda ýerleşip Ýer şarynyň üstüniň meýdanynyň 60 göterimini tutýar. Süýji suwuň ýetmezçiliginiň öwezini, esasan-da ummanlarda, deňizlerde we ýer astynda ýerleşýän duzly hem-de duzlurak suwlary süýjedip bolýar. Umman himiki maddalaryň äpet ammary bolup durýar. Onuň göwrümi 1,35 milliard km3 ýetýär. Ol Ýer ýüzüniň 72 göterimine barabar meýdanyny tutýar. Ýer şarynyň ähli suwunyň 97 göterimi dünýä ummanynda ýerleşýär. Onuň takmynan 2,1 göterimi suw polýar buzlarda we buzluklarda toplanandyr. Kölleriň, derýalaryň we ýerasty suwlaryň düzümindäki süýji suwlar 0,6 göterimi düzýär. Suwuň galan 0,1 göterimi ýer astynda guýulardaky duzly suwlaryň we şor suwlaryň düzümine girýär.

Serdar BERDIÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň mugallymy, Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi.