Daşky gurşawy goramak we ekologiýa abadançylygy

12 Noýabr 2024
267

Ýurdumyzda milli däp-dessurlarymyzy ýörelge edinmek arkaly, adam saglygy babatdaky aladany ileri tutup, tebigy baýlyklardan aýawly peýdalanmak we olary geljekki nesillere ýetirmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1972-nji ýylda kabul eden Kararnamasy esasynda dünýä jemgyýetçiliginde giňden bellenilýän Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň ata Watanymyzda hem uly dabaralara beslenip bellenilmegi döwlet derejesinde ekologiýa abadançylygyna, ösümlik, haýwanat dünýäsiniň baýlaşdyrylmagyna we bu ugurda halkara giňişlikde edilýän bilelikdäki tagallalara jogapkärçilikli çemeleşilýändiginiň aýdyň nyşanydyr. Türkmenistan howanyň üýtgemegi, çölleşmä garşy göreşmek, Aral deňzini halas etmek, Hazar deňziniň biodürlüligini we tebigaty goramak boýunça halkara tagallalara hem işjeň gatnaşýar.

Züleýha ŞERMYRADOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.