Daşky gurşawyň abatlygy — umumadamzat abadançylygy

4 Iýun 2024
1042

Tebigat jemgyýetleriň maddy, ruhy, medeni isleglerini kanagatlandyrmak, adamzadyň gündelik ýaşaýyş-durmuş üpjünçiligi, sagdynlygy, zehin kämilligi, nesil dowamatlylygy üçin ilkinji hem esasy, iňňän zerur çeşme bolup hyzmat edýär. Hemmelere deň garaýan janly tebigat tutuş adamzady öz gurşawyna salyp, bir bitewülikde ýaşamaga, baýlyk-barlyklaryna ählumumy genji-hazyna hökmünde çemeleşmäge borçly edýär. Şoňa görä-de, dünýä jemgyýetçiliginde ekologiýa wezipeleriniň oýlanyşykly ýola goýulmagy häzirki döwrüň ählumumy kanunalaýyklygy hökmünde garalýar. Umumy geljegiň kepili bolan milli, sebit hem-de ählumumy ekologiýa howpsuzlygy babatda halkara guramalaryň arasynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine we özara goldawyň ösdürilmegine, döwletleriň tagallalarynyň birleşdirilmegine aýratyn üns berilýär. Şunlukda, daşky gurşawyň goraglylygyny üpjün etmek maksady bilen halkara bileleşiginiň 1972-nji ýylyň 5-6-njy iýunynda geçiren Stokgolm konferensiýasyna möhüm orun degişli bolup durýar. Konferensiýada daşky gurşawy goramak boýunça kabul edilen Jarnamada we Hereketleriň meýilnamasynda häzirki hem-de geljekki nesilleriň bähbitleri üçin tebigy serişdeleri abat, aýawly saklamak tebigy gurşawy gowulandyrmak üçin ykdysady, durmuş ösüşi, daşky gurşawyň halkara meselelerini özara hyzmatdaşlyk esasynda çözmegiň zerurlygy ýaly ekologiýa ýörelgeleri jemlendi. Şular esasynda, 1972-nji ýylyň 16-njy dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň 5-nji iýuny Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni diýlip yglan edildi hem-de BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy — Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) döredildi. Bu taryhy sene Türkmenistanda-da halkara hem milli ekologiýa baýramçylygy hökmünde döwrebap bellenip geçilýär.

Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylýan medeni-köpçülikleýin çärelerde tebigata mähirli hyzmat etmegi, ony gözüň göreji ýaly goramagy, ösümlikleri oýlanyşykly sarp etmegi, janly-jandarlara ynsanperwerlikli garamagy halkymyzyň has irki döwürlerde medeniýetine ornaşdyrandygyny we tebigatyň öz kanunyna laýyk däp-dessurlary döredendigini görmek bolýar. Şol ýörelgelere laýyklykda, tebigatyň örüsiniň egsilmegine, harlanmagyna, hapalanmagyna getirip biljek perwaýsyz hereketler ilat arasynda berk ýazgarylypdyr. Halk lukmançylygynyň wekilleriniň ösümlik, ot-çöplerden taýýarlan, milli tebipçilikde ulanan dermanlyk serişdeleri keselleriň bejeriş-öňüni alyş tejribesini baýlaşdyrypdyr. Hünär ussatlarynyň kärizdir guýulary gazmakda, jykyrlary we bentleri gurmakda özleşdiren tärleri suwlaryň tygşytlanmagyna, topragyň gurplanmagyna, ekerançylygyň giňeldilmegine ýardam edipdir. Biri beýlekisiniň üstüni ýetirýän tebigatyň ter we ýokumly azyk önümlerinden, maddy we ruhy gymmatlyklarynyň ýakymly täsirinden jemgyýetiň aýawly peýdalanmagy düzgünleşdirilipdir. Bu baýramçylygyň tutumy pähimdar pederlerimiziň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamagyň tertibini berkden goýan edep-ahlak kadalarynyň täze many-mazmuna eýedigini, daşky gurşawy goramak ugrunda dünýä tejribesiniň gazananlaryna belent sarpa goýulýandygyny dabaralandyrýar.

Meretguly TANGIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň uly ylmy işgäri.