Suw — ýaşaýşyň gözbaşy

17 Aprel 2024
1224

Ýaşaýşyň gözbaşy bolan suwuň her bir damjasyny altyna deňän pederlerimiz suw bilen bagly «Dama-dama köl bolar, hiç dammasa çöl bolar», «Çöl görki — suw, köl görki — guw», «Suw damjasy — altyn dänesi» ýaly nakyllary we atalar sözlerini nesillerine miras galdyrypdyrlar. Suwuň ýok ýerinde guýy ýa-da käriz gazmak, jykyr gurmak arkaly ol ýerlere suw eltmegiň, suwy tygşytly ulanmagyň dürli ýollaryny gözläp, olary has-da kämilleşdiripdirler.

Häzirki döwürde ilatyň agyz suwy bilen üpjünçilik meselesi döwlet derejesinde ileri tutulýar, bu ugurdaky kanunçylyk hem kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Suw kodeksi munuň aýdyň subutnamasy bolup, ol ýuridik we fiziki şahslaryň suw serişdelerine bolan zerurlyklaryny kanagatlandyrmak maksady bilen, suwlary durnukly hem-de rejeli peýdalanmak babatda gatnaşyklary düzgünleşdirýär we suw serişdeleriniň ähmiýetini ýokarlandyrmaga, suwlary hapalanmakdan, zibillenmekden we egsilmekden goramagy üpjün etmäge, suwlaryň ýaramaz täsiriniň öňüni almaga we ýok etmäge, suw desgalarynyň ýagdaýyny dikeltmäge we gowulandyrmaga gönükdirilendir.

Maýa Agaýewa,
welaýat prokurorynyň işgärler boýunça uly kömekçisi, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi.