"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Möhüm pudak

Eziz Watanymyz dünýäniň uglewodorod serişdelerine baý ýurtlarynyň hataryna girýär. Milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolan nebitgaz toplumy barha kuwwatlanýar. «Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýangyç-energetika toplumynyň önümçilik kuwwaty yzygiderli artdyrylýar. Nebit we gaz ýataklarynda netijeli, häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze innowasion tehnologiýalar, ylmyň soňky gazananlary, sanly çözgütler esasynda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gazhimiýa, nebithimiýa pudaklary ösdürilýär. Senagat düzümlerini, hyzmat önümçiligini döretmek maksady bilen, uglewodorod serişdelerini düýpli gaýtadan işlemek ýola goýulýar. Hormatly Prezidentimiz 9–njy fewralda geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň pudaklarynda 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemlerine garady. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny giňden döwrebaplaşdyrmak, onuň serişde binýadyny giňeltmek, taýýar önümleriň önümçiligini ýokarlandyrmak, täze kuwwatlyklaryň gurluşygyny alyp barmak boýunça birnäçe wezipeler kesgitlenildi. Geçen ýyl degişli önümçilikler tarapyndan nebiti gaýtadan işlemegiň, benzini, dizel ýangyjyny, nebit bitumyny, çalgy ýaglaryny, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasynyň artygy bilen berjaý edilendigi habar berildi. Bu döwürde tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň, maw

Ösüşli ýollaryň döwrebap wezipeleri

Türkmen halky «Ýol» sözüne köp many-düşünjäni sygdyrýar, şolaryň ählisi-de oňyn mazmunly bolup, döwletlilik, dowamat-dowam bolmak, maksat tutup, myrada gowuşmak ýaly manylarda ulanylýar. Halkymyz ýol-köpri-geçit gurmagyň sogapdygyna, şol geçitden geçen müňlerçe adamyň alkyş-hoşallygynyň ony gurana rysgal-döwlet, abadançylyk bolup dolanýandygyna ynanypdyr. Eziz Watanymyzda — sebitara, yklymara möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda kuwwatly halkara ulag-üstaşyr ulgamynyň döredilmegi halkymyzyň şol gadymy ynamynyň täze döwürde dabaralanmasy bolup şöhlelenýär. Ulag-aragatnaşyk ulgamyny ösdürmek, demir ýol, awtomobil, deňiz, howa ulaglarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça giň möçberli milli maksatnamalar, şeýle hem hereket edýän ulag geçelgelerini giňeltmek we täzelerini döretmek boýunça geljegi uly meýilnamalar bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, söwda, medeni we beýleki gatnaşyklary giňeltmekde mümkinçilikleri açýar. Täze ulag geçelgeleriniň açylmagy sebit we dünýä söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmegine täzeçe itergi berýär. Ýol-ulag ulgamynyň köpugurly ösdürilmegi milli ykdysadyýeti ösdürmegiň aýrylmaz düzüm bölegidir. Dünýä ulag ölçeglerine, ekologiýa talaplaryna laýyk gelýän ulag ulgamynyň, hereket ukyplylygynyň durnukly ösüş, kuwwatly ykdysadyýet üçin derwaýys ähmiýeti bar. Ulag-aragatnaşyk ulgamynyň elýeterli bolmagy, ýol-hereket kadalarynyň howpsuzlyk ü

Ösüşiň möhüm ugurlary

Häzirki ajaýyp döwrümizde eziz Diýarymyz ösüşlere beslenýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmek, halkyň hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak maksady bilen, uly işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda sanly ulgamyň aýratyn ähmiýeti bardyr. Ykdysadyýet ulgamynda innowasion ösüşiň möhüm orny bellärliklidir. Şonuň üçin hem maglumat tehnologiýalar ulgamyny has-da ösdürmek arkaly sanly ykdysadyýete aýratyn üns berilýär. Munuň özi Watanymyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynda durnukly ösüşi üpjün edýär. Şunda düýpli we bähbitli ylymlary önümçilige ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti has-da ýokary göterilýär. Şan-şöhraty gün-günden arşa göterilýän eziz Diýarymyzda durmuşyň ähli ugurlarynda zähmet ýeňişleriniň täze belentliklerine ýetmekde döwrebap ösüş ýollarynyň saýlanyp alynmagyna aýratyn orun degişlidir. Bu ugurda önümçilik esasyň doly döwrebaplaşdyrylýandygyny, kämil önümçilik tehnologiýalarynyň ornaşdyrylýandygyny we ykdysady ösüş ýollarynyň dogry saýlanyp alynýandygyny bellemek gerek. Häzirki wagtda ykdysady özgertmelerde döwrebap senagat düzümi ösdürilýär, iň täze tehnologiýalary öndürýän kärhanalar hereket edýär. Bu bolsa innowasion tehnologiýalaryň ösüşini üpjün etmäge, bu ugruň mümkinçiliklerini doly durmuşa geçirmäge şertleri döredýär.

«Deňiz söwda floty» ÝGPJ 2023-nji ýylda 2,26 million tonna ýük daşady

Türkmenistanyň «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň gämileri tarapyndan 2023-nji ýylda daşalan ýükleriň möçberi 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 19,7 göterim artyp, 2,26 million tonna deň boldy. Bu barada «Türkmendeňizderýaýollary» agentligi habar berdi. Şeýlelikde, flotyň ýük daşamak boýunça 2023-nnji ýyl üçin ýyllyk meýilnamasy 130 göterim ýerine ýetirildi.

Gazagystanda demir ýol infrastrukturasy boýunça milli operator dörediler

Senator Ýewgeniý Bolgertiň pikiriçe, «Gazagystan demir ýollarynyň» (GDÝ) gurluşynda milli infrastruktura operatoryny döretmek ýa-da aýyrmak meselesi yzygiderli yza süýşürilýär. Ýolbaşçynyň şeýle mazmundaky sözlerini «inbusiness.kz» köpçülige ýetirýär. «Häzirki wagtda infrastrukturany ösdürmek üçin käbir möhüm wezipeler milli ýük daşaýjy tarapyndan amala aşyrylýar. Munuň özi bäsdeşlik gurşawynda bolandygy sebäpli, bu kompaniýa üçin adaty ýagdaý däl. Şu nukdaýnazardan hem, ulag işine beýleki gatnaşyjylar üçin deň bolmadyk şertler döredilýär. Bu meselede meniň soragym bar: infrastrukturanyň milli operatory döredilermi?» — diýip, deputat sowal berdi.

Dünýäde iň uly hasaplanýan Şanhaý porty ýanwarda konteýner daşamaklygy 18% ýokarlandyrdy

«CTS» tarapyndan berilýän deslapky maglumatlara görä, 2023-nji ýylda dünýäniň konteýner bazarynda daşalan ýüküň möçberi 173,8 million TEU barabar boldy. 2022-nji ýyldaky 4%-den gowrak derejedäki pese düşmeginden soň, geçen ýyl deňizde konteýner daşamak mümkinçiligine bolan isleg 0,3% ýokary boldy.     2023-nji ýylyň birinji ýarymynda gazanylan ösüşden soň — tomsuň ortalaryndan konteýner daşamaga bolan isleg ýene peselip başlady. Muňa garamazdan, dekabr aýynda Aziýanyň importyndan başga ähli geografiki böleklerde ýokary derejedäki böküş bellige alyndy.

«RŽD-nyň hyzmatdaşy»: Russiýadaky ýük daşaýjylar demir ýol gatnawyndan awtoulaglaryň mümkinçiliklerini has amatly hasaplaýarlar

Ýük ugradyjylaryň köplenç demir ýol gatnawyny azaltmagynyň we beýleki ugurlary saýlap almagynyň düýp sebäbi hyzmatlaryň bahasynyň ýokarlanmagy (diňe bir «Russiýanyň demir ýollary» däl, eýsem, beýlek kompaniýa-operatorlary hem), şeýle hem demir ýol arkaly ýükleriň daşalmagynyň uzak möhleti talap edýändigi bilen baglydyr. Gurluşyk harytlaryny öndürýän kompaniýalaryň wekillerinden biri «Russiýanyň demir ýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň hyzmatdaşy bilen söhbetdeşlikde şu sanlara salgylandy: geçen ýyl ulag gatnawynyň bahasy 10%, demir ýol bilen bolsa 62% ýokarlandy. Şol bir wagtyň özünde-de, eltmek wagtynyň tapawudy hem diýseň uly.

Sanly ykdysadyýet – innowasion ösüşleriň badalgasy

Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynyň öňünde goýýan strategiki wezipelerini ýerine ýetirmekde maliýe we ykdysadyýet ulgamy möhüm orny eýeleýär. Ýurdumyzda alnyp barylýan maliýe syýasatynyň çäklerinde onuň degişli gurallaryny sazlaşykly ulanmak arkaly ykdysadyýetimiziň depginli ösüşi we makroykdysady deňeçerligi üpjün edilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bazar gatnaşyklaryna geçýän döwründe ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek ugrunda diwersifikasiýalaşdyrylan, bäsdeşlige ukyply, innowasion ösüşini üpjün etmek üçin maliýe we ykdysadyýet ulgamlarynyň durnukly bolmagyny gazanmak wajyp bolup durýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýlip yglan edilen ýylynda milli ykdysadyýetimizi durnukly ösdürmäge, ygtybarly maliýe-bank ulgamyny döretmäge, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen düýpli maliýe özgertmeler ykdysady ösüşiň esasy bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda sanly ykdysadyýetiň ornaşdyrylmagy we ösdürilmegi bilen bir hatarda ýurdumyzyň maliýe we ykdysadyýet edaralary hem öz işjeňligini “Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda amala aşyrýar.

Nur paýlaýan desgalar

Bilşimiz ýaly, Ministrler Kabinetiniň geçen ýylyň jemlerine bagyşlanan giňişleýin mejlisinde milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýän energetika pudagyny ösdürmek, ýurdumyzyň energetika syýasatyna laýyklykda, içerki sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek boýunça öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlary esasynda, ýurdumyzda täze elektrik stansiýalaryny gurmak, paýlaýjy ulgamlaryň tehniki ýagdaýyny gowulandyrmak, sebitlerde hereket edýän bitewi energiýa ulgamyny halkalaýyn birleşdirmek babatda hem aýgytly işler dowam etdirilýär. Şunda, ýurdumyzyň beýleki sebitleri bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda hem netijeli işler amal edilýär. Demirgazyk welaýatyň iri senagat kärhanalarynyň biri hasaplanýan «Daşoguzenergo» önümçilik birleşiginde we onuň düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýy üçin göz öňünde tutulan meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirilip, ähli ugurlar boýunça oňat görkezijiler gazanyldy. Öz düzümine 7 sany etrap hem şäher elektrik ulgamlaryny birleşdirýän bu önümçilik birleşiginde sarp edijileriň elektrik energiýasy bilen doly derejede üpjünçiligini ýola goýmak maksadynda, elektrik ulgamlaryna tehniki hyzmat etmek, täze energetika desgalaryny gurmak, bar bolanlarynyň sazlaşykly işlemegini gazanmak babatda zerur çäreler geçirilýär. Birleşigiň hasabynda dürli kuwwatlykly transformator

Agrar syýasat: möhüm özgertmeler, wajyp wezipeler

Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisi hem, adatça bolşy ýaly, ýurdumyzy mundan beýläk-de durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen täze maksatlar, wezipeler we başlangyçlar bilen tapawutlandy. Bu gezek esasy özgertmeler oba hojalygy bilen bagly boldy. Döwlet Baştutanymyzyň mejlisiň barşynda aýdyşy ýaly, oba hojalygy milli ykdysadyýetiň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Ony ösdürmek ykdysady binýady pugtalandyrmak bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Döwür täze wezipeleri, önümçilik bolsa öňdebaryjy tejribeleri we iş usullaryny talap edýär. Ekologik howpsuzlyk, bäsdeşlige ukyplylyk, eksport mümkinçilikleri — ine, häzirki wagtda ileri tutulýan islendik möhüm ykdysady ugurlaryň okgunly ösüşini üpjün edýän şertler. Ösüş senagat we önümçilik kuwwatlyklary arkaly gazanylýar. Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligini täzeden üýtgedip guramak barada gelnen karar oýlanyşykly çözgütdir. Bu özgertme Milli Liderimiziň başyny başlan we täze taryhy döwrümizde üstünlikli durmuşa geçirilýän Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde önüm öndürijilere mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldaw bermegi ugur edinýär.

2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmegiň esasy ugurlary

Nebitgaz sektory milli ykdysadyýetiň esasy pudagy, ýurduň strategik serişdesi bolmak bilen, esasy infrastrukturanyň wezipesini ýerine ýetirýär. Türkmenistanyň energetikasyny ösdürmegiň maksady, bir tarapdan, döwleti durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge ýardam etmek, beýleki tarapdan bolsa, onuň dünýä energetikasynda eýeleýän ornuny berkitmek we giňeltmek bolup durýar. Şu ýylda hem ýangyç-energetika toplumy, hemişe bolşy ýaly, Türkmenistany 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasynda kesgitlenen milli maksatlara ýetmekde hem-de strategik wezipeleri çözmekde ykdysadyýetiň beýleki pudaklaryna ýardam etmelidir. Bu Maksatnama Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan tassyklanyldy.

Okgunly ösüşleriň binýady

Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan ykdysady syýasatynyň hem baş maksady halkyň eşretli durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilendir. 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda alnyp barlan işleriň jemleri barada berlen hasabatlar hem milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşiniň halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak syýasaty bilen utgaşýandygyny tassyklaýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän toplumlaýyn özgertmeleriň netijesinde halk hojalygynyň pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanylýar. Geçen ýylyň makroykdysady görkezijileri 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, jemi içerki önümiň 6,3 göterim, jemi öndürilen önümiň 7,8 göterim ýokarlanandygyny, senagat pudagynda 4,3 göterim, gurluşykda 2 göterim, ulag we aragatnaşyk pudagynda 8,4 göterim, söwdada 12,8 göterim, oba hojalygynda 4,4 göterim, hyzmatlar ulgamynda 5,1 göterim, bölek satuw haryt dolanyşygynda 10,9 göterim ösüş gazanylandygyny aýan edýär.

Ählumumy rowaçlygyň bähbidine

Geçen ýylda tutuş Balkan welaýaty boýunça öndürilen senagat önümleriniň deň ýarysyna golaýy hususy eýeçilikdäki kärhanalar tarapyndan taýýarlanyldy. Şunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Akgaýa» jemgyýetiniň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesiniň golaýynda iş alyp barýan gurluşyk garyndy materiallaryny we gips kartonyny öndürýän kärhanasynyň hem mynasyp paýy bar. Türkmenistan bu gün, sözüň doly manysynda, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli desgalaryňdyr ymaratlaryň, täze-täze önümçilik düzümleriniň gurluşyklarynyň ýokary depginde alnyp barylýan mekanyna öwrüldi. Bu kärhananyň hünärmenleri hem öz taýýarlaýan serişdeleriniň şol gurluşyklarda giňden ulanylýandygyna çäksiz buýsanýarlar. Ýurdumyzda özleşdirilýän iri maýa goýum taslamalary, baý gorly uglewodorod serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagy, olary gaýtadan işlemekden alynýan önümler, şol sanda gymmatly mineral dökünler bilen birlikde, nebit we gazhimiýa pudagynyň önümleri içerki zerurlyklara hem-de ählumumy rowaçlygyň bähbidine, özara peýdaly halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilýär. Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Garabogaz şäherçesindäki karbamid zawody hem munuň aýdyň güwäsidir. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan himiýa senagatyny ösdürmekde alyp barýan uly işleriniň möhüm tapgyrlarynyň biri bolan bu toplum raýatlaryň

Ulag we kommunikasiýalar ulgamynda şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan iş maslahaty geçirildi

16-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetimiziň pudaklary tarapyndan “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ýanwar aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, şeýle hem döwlet durmuşynyň käbir möhüm meselelerine garaldy. Mejlisde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.

«Türkmenhowaýollary» agentligi ýanwar aýynda hyzmatlarynyň mukdaryny 62,8 göterim artdyrdy

«Türkmenhowaýollary» agentligi 2024-nji ýylyň birinji aýynda hyzmatlaryň mukdaryny geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 62,8 göterim artdyrdy. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew hasabat berdi diýip, TDH ýazýar. Hasabat döwründe toplum tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 116,1 göterime deň boldy. Şu ýylyň ilkinji aýynda awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we derýa ulaglary arkaly ýükleri daşamagyň ösüş depgini 102,5 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini 103,7 göterime barabar boldy.

“Lebapawtoulag” ýanwar aýynda 226 müň tonnadan gowrak ýük daşady

“Türkmenawtoulaglary” agentliginiň “Lebapawtoulag” önümçilik birleşiginiň sürüjileri ýylyň ilkinji aýynyň meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler. Ýanwar aýynda kärhananyň sürüjileri ýükleriň 226 müň tonnadan gowragyny daşap, meýilnamany üstünlikli berjaý etdiler. Bu barada “Türkmenawtoulaglary” agentligi habar berýär. Ýolagçylara hyzmat etmegiň meýilnamasy hem ýerine ýetirildi. Şonda ýolagçylaryň 1 million 822 müňsüne hyzmat edildi. Halk hojalyk ýüklerini daşamakda, ýolagçylara hyzmat etmekde we gaýry hyzmatlary amala aşyrmakda kärhanada işler nusga alarlyk derejede guralýar.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 21-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Owganystanyň telekeçileri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, gidrousulda arassalanan dizel ýangyjyny we uçar kerosinini, suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalary

ürkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 21 sanysy hasaba alyndy. Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Owganystandan, Özbegistandan, Gazagystandan we Gyrgyz Respublikasyndan gelen telekeçiler «Türkmennebit» döwlet konserninde öndürilen polipropileni, gidro usulda arassalananan dizel ýangyjyny, awiakerosini, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Şeýle-de Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 44 million 563 müň 200 amerikan dollaryndan gowrak boldy.

HPG-niň ýolbaşçysy: dünýä ykdysadyýeti geosyýasy ýagdaýlara durnukly

Dünýä ykdysadyýeti geosyýasy ýagdaýlara garamazdan, öz durnuklylygyny saklaýar. Bu barada Halkara pul gaznasynyň (HPG) dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa Dubaýda geçirilen Bütindünýä hökümet sammitinde eden çykyşynda nygtady. «Näbellilikleriň ýokarydygyna seretmezden, biz ykdysady ösüşiň mümkinçilikleri babatda göwnümizi giň tutup bileris. Sebäbi häzirki dünýä ykdysadyýeti biziň çenimizden durnukly bolup çykdy. 2023-nji ýylda dünýä ykdysadyýetiniň ösüş depgini garaşylan ýagdaýdan ýokary boldy, 2024-nji ýylda bolsa global hümmetsizlenme peseler diýlip çaklanylýar» diýip, Kristalina Georgiýewa gürrüň berdi.

Bu ýerde ykdysadyýet Günüň dogmagyna garaşmaýar

Eliň aýasy ýaly ýerde ýerleşip, dünýä ykdysadyýetiniň ösen nusgasyny sergä çykarmak diňe Ýaponiýa başartsa gerek. Käbirleri: «Ýaponiýa Günüň dogýan ýurdy ahyry. Türkmençilikde: «Ir turan işinden dynar» diýilmeýärmi näme?» diýip biler. Ol dogry, ýöne onuň başga-da sebäpleri bar. Ine, oňa käbir deliller. Gündogar Aziýanyň modeli hasaplanýan Ýaponiýa ägirt uly, ösen sosial bazar ykdysadyýetli ýurt hökmünde bilinýär. Häzirki wagtda Ýaponiýanyň ykdysadyýeti jemi içerki önümi boýunça Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Hytaýdan we Germaniýadan soň dünýäde 4-nji, eksporty, importy boýunça 4-nji, adam başyna düşýän jemi içerki önümi boýunça 34-nji orunda durýar. Şeýle-de Ykdysady çylşyrymlylyk indeksine (ECI) görä, dünýäniň 1-nji çylşyrymly ykdysadyýeti hasaplanýar. Resmi hasaplamalara görä, 2023-nji ýylyň ahyrynda satyn alyş güýji boýunça Ýaponiýanyň görkezijisi 5,309 trillion amerikan dollaryna deň boldy. Bu ykdysatçylaryň çaklamalaryndan 10 göterim ýokarydyr. Ýurduň ilaty 123,3 million bolup, jan başyna düşýän jemi içerki önümi 34 müň 550 amerikan dollaryna deňdir.