"Edebiýat we sungat" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-62-17, 38-62-33, 38-62-01
Email: edebiyatwesungat@sanly.tm

Habarlar

Sirkulýar ykdysadyýete geçmegiň ösen tejribesi: Italiýa

Italiýa Respublikasy Ýewropa Bileleşiginiň, «Uly ýedi» (G7) we «Uly ýigrimi» (G20) toparlarynyň agzasy, senagat taýdan ösen, ykdysadyýetiniň möçberi boýunça ýewro giňişliginde 3-nji orny, jemi içerki önümiň nominaly boýunça dünýäde 9-njy orny eýeleýän döwlet hökmünde giňden tanalýar. Italiýa meşhur moda brendleriniň we pizzanyň watanydyr. Meşhur moda brendli harytlary öndürýän TOP-100 kompaniýasynyň 24-si Italiýa degişli bolup, dünýäde 1-nji orny eýeleýär. Şol 24 kompaniýanyň üçden iki bölegi eşik we aýakgap sektorynda işleýärler. Ýurt maşyngurluşygy, agajy gaýtadan işlemek, infrastruktura, senagat dizaýny, kosmetika, derman önümleri we beýleki möhüm pudaklarda dünýäde öňdebaryjydyr. Gaýtadan dikeldilýän energiýa, galyndylary gaýtadan işlemek, ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet we durnukly ösüş çygyrlarynda Italiýanyň ýeten derejesi nusgalyk hasaplanýar. Sirkulýar ykdysadyýeti başlangyçlarynda täze işewürlik modellerini we gurluşlaryny, şeýle hem kiçi we orta kärhanalara, ýerli önümçiliklere üns bermek bilen zerur infrastrukturany döretmeklige Italiýa uly ähmiýet berýär. Ýurt derejesinde «Italiýa üçin ýapyk dolanyşykly ykdysadyýet modeline tarap ýol: syn we strategik çäkler» atly milli resminama 2017-nji ýylda kabul edilýär. Ony durmuşa geçirmek işleri Italiýanyň Daşky gurşawy goramak we Ykdysady ösüş ministrlikleriniň üstüne ýüklenendir. Soňra 2018-nji ýylda «Dolanyşykly ykdysadyýe

Russiýadan Hytaýa tebigy gaz ibermek üçin täze turbageçiriji gurlar

Russiýadan Hytaýa tebigy gazy ibermek üçin täze turbageçiriji gurlar. «Sibiriň güýji 2» diýlip atlandyryljak täze turbageçiriji her ýyl 50 milliard kub metr rus gazyny Hytaýa akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň çäginde mälim edildi. Mongoliýanyň çäginden geçjek, umumy uzynlygy 2600 kilometre deň bolan tebigy gazy akdyrmaga niýetlenen turbageçiriji bilen ugurdaş täze nebit turbageçirijisiniň hem gurulmagy meýilleşdirilýär.

Dünýä bazaryndaky paýyny 30 göterime ýetirmegi maksat edinýär

Ýaponiýanyň Hökümeti awtoulag önümçiligini sanlylaşdyrmak üçin täze maksatnamany tassyklamagy meýilleşdirýär. Oňa laýyklykda, milli öndürijiler tarapyndan 2030-njy ýyla çenli ýokary programma üpjünçiligi ornaşdyrylan ulaglar bu ugurdaky dünýä bazarynyň 30 göterimini emele getirer. Munuň üçin ýapon hökümeti kompaniýalaryň arasynda üç ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär: programma üpjünçiligini döretmek, özbaşdak (awtonom) dolandyryş we maglumatlary ulanmak. Hususan-da, «Toyota Motor», «Honda Motor» we «Nissan Motor» ýaly iň iri ýapon awtoulag kompaniýalarynda 2025-nji ýyldan başlap şeýle hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

10 ýylda 3,8 milliard dollar maýa goýdy

Hytaý soňky 10 ýylda Täjigistanyň ykdysadyýetine 3,8 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýdy. Bu barada Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň Hytaýyň daşary işler ministri Wan I bilen Duşenbe şäherinde bolan duşuşygynda mälim edildi. – Hytaý söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlarynda iň uly hyzmatdaşlarymyzyň biridir. Hytaýyň soňky on ýylda Täjigistanyň ykdysadyýetine gönükdirenmaýa goýumlarynyň umumy mukdary 3,8 milliard amerikan dollaryna deň boldy – diýip, Täjigistanyň Prezidenti belledi.

Baýlygy 1 milliard funt sterlingden geçdi

Beýik Britaniýanyň «The Beatles» aýdym-saz toparyny esaslandyryjylaryň biri Pol Makkartniniň baýlygy 1 milliard funt sterlingden geçdi. Şeýlelikde, ol bu sepgide ýeten ilkinji britaniýaly sazanda hökmünde taryha girdi. «The Times» neşiriniň habar bermegine görä, geçen ýyl Poluň we onuň aýaly Nensiniň baýlygy 50 million funt artyp, 1 milliard funt sterlinge (takmynan, 1,27 milliard amerikan dollara) ýetdi.

2 esse artdyrar

Gazagystan Merkezi Aziýa döwletleri bilen özara söwda dolanyşygyny ýakyn geljekde 2 esse artdyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada ýurduň söwda we integrasiýa ministriniň orunbasary Kaýrat Torebaýew mälim etdi. Geçen ýyl Gazagystan bilen sebitiň beýleki ýurtlarynyň arasyndaky söwda dolanyşygy 7,7 milliard amerikan dollaryna deň boldy. Gazagystan geljek 5 — 10 ýylyň dowamynda Özbegistan bilen söwda dolanyşygyny 10 milliard amerikan dollaryna, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen söwda dolanyşygyny bolsa 2 milliard amerikan dollaryna ýetirmegi göz öňünde tutýar.

11,1 milliard ýewro çenli peýda gazanar

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäheri 2024-nji ýylyň tomsunda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan 6,7 — 11,1 milliard ýewro möçberinde arassa peýda gazanmagy meýilleşdirýär. Sport hukugy we ykdysadyýeti merkezi tarapyndan yglan edilen maglumatlara görä, Olimpiýa oýunlary üçin Pariž şäherine 3,1 milliona çenli myhman geler. Gelen myhmanlaryň şäherde 2,6 milliard möçberinde pul sowjakdyklary çaklanylýar.

Russiýa «Demirgazyk – Günorta» halkara ulag geçelgesi boýunça maýa goýumlary meýilleşdirýär

Russiýanyň daşary ýurtlarda senagat seýilgählerini, logistika merkezlerini we port infrastrukturasyny döretmäge maýa goýmagy meýilleşdirýändigini Russiýa Federasiýasynyň Söwda ministrliginiň daşary söwda pudagyndaky halkara hyzmatdaşlygy we ygtyýarnama departamentiniň direktory Roman Çekuşowyň sözlerine salgylanýan «ТАСС» habar berýär. Häzirki wagtda yzygiderlilik boýunça 12 taslama göz öňünde tutulýar. — Häzirki wagtda býudjet ýüz tutmasy ýerine ýetirilmek tapgyrynda, sebäbi bu infrastrukturany 2025 — 2030-njy ýyllar aralygynda amala aşyrmak maliýeleşdirilýär. Bu milli taslamalaryň täze tapgyry bolar — diýip, Roman Çekuşow tassyklady.

«Fesco» we «Ratraco» Russiýadan Wýetnama göni demir ýol hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

«Fesco» ulag topary we Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory Russiýadan Wýetnama göni demir konteýner hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinýärler. Bu barada «Fesco» özüniň resmi Telegram-kanalynda habar berýär. «Biz Hanoýda Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdik. Şol resminamanyň esasynda bolsa Russiýadan ýola düşüp, Hytaýyň çäginden Wýetnama barýan göni demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýäris» — diýlip, toparyň habarynda beýan edilýär.

Sazlaşykly ösüşler — ykdysady kuwwatyň nyşany

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 3-nji maýda sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, şeýle hem beýleki käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň dowamynda wise-premýerler gezekli-gezegine aýry-aýry pudaklarda şu ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri baradaky hasabatlar bilen çykyş etdiler. Dört aýyň makroykdysady görkezijileri hakynda berlen hasabatda jemi içerki önümiň 6,3 göterim artandygy aýdyldy. 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, jemi öndürilen önüm 11,4 göterim ýokarlanyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri gazanyldy. Şu ýylyň başyndan bäri bölek satuw haryt dolanyşygy 11,1 göterim artdy. Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 102,6 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy bolsa 97,4 göterim ýerine ýetirildi. Ýanwar — aprel aýlarynda ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda ortaça aýlyk zähmet haky, 2023-nji ýylyň degişli döwrüne görä, 10,4 göterim ýokarlandy. Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi. Milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 23,9 göterim ýokarlandy.

Elektroenergetika – wajyp ugur

Elektroenergetika milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolup durýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňde goýlan wezipeleri, şol sanda halk hojalyk toplumyny güýçli depginde senagatlaşdyrmak boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde energetika senagatyna möhüm orun berilýär. Pudagy ösdürmek üçin ýurdumyzda maksatnamalaýyn işler alnyp barlyp, uly möçberli maýa goýumlar gönükdirilýär. Elektroenergetika pudagyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, Diýarymyzyň ähli sebitlerinde döwrebap elektrik stansiýalary guruldy, öndüriji kuwwatlyklar ençeme esse artdyryldy, täze elektrik geçiriji ulgamlar guruldy we täzelenildi. Bu işler ýurdumyzyň dünýä energetika ulgamyna mundan beýläk-de goşulyşmagy üçin amatly şertleri döredýär.

Türkmenistanda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi geçirilýär

15-nji maýda Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Sergiler zalynyň giň meýdançasynda şowhunly baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döredijilik toparlary sergä gatnaşyjylary we myhmanlary aýdym-sazly çykyşlar bilen garşylaýarlar. Açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.

Gurýan döwlet gurplydyr

Ýurdumyzyň Gündogar sebitinde uly özgertmeler bolup geçýär. Oýlanyşykly düzülen maksatnamalaýyn ykdysady strategiýanyň esasynda uly işler durmuşa geçirilýär. Sement zawody şolaryň birisi. Ol türkmeniň gurujylyk sungatynyň belentligini görkezýär. Köýtendag etraby gurluşyk önümlerini öndürmek üçin çig malyň baý mekany hasaplanylýar. Sement zawody üçin ol tüýs laýyk ýer boldy. Zawod iki tapgyrda guruldy. Bu desga innowasion önümçilikleri döretmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini düýpli özgertmek boýunça gurluşyk we senagat toplumynda uly işleriň amala aşyrylýandygynyň anyk mysalydyr. Ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň özgerýän keşbi ykdysady ösüşimiziň aýdyň mysaly bolýan bolsa, Köýtendag etrabyndaky sement zawody şol özgertmeleriň, iň zerur bolan desgalaryň gurluşyklarynyň ýüregine, hereketlendiriji güýjüne öwrüldi.

Gurluşyk işlerine mynasyp goşant

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzyň gurluşyk senagatyny ösdürmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär. Gurluşyk önümlerini öndürýän kärhanalaryň işleriniň sazlaşykly ýola goýulmagy üçin ähli amatly şertler döredilýär. Öňden hereket edýän senagat kärhanalary düýpli abatlanylyp, olaryň önümçiligine täze, döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň önümçilik kärhanalarynda-da daşary ýurtlardan eksport edilýän gurluşyk önümleriniň ornuny tutýan harytlaryň öndürilmegine getirýär.

Ösüşleriň aýdyň beýany

Düýn paýtagtymyzda ýerleşýän Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi öz işine başlady. Ir bilen edaranyň öňündäki meýdançada guralan açylyş dabarasyna ýurdumyzyň bu ugra degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, daşary ýurt kompaniýalarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek, ýerli önümçilik kärhanalaryny döretmek we kämilleşdirmek işleriniň yzygiderli alnyp barylmagy netijesinde bu ugurda uly öňegidişlikler gazanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamakda, halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply ýerli önümleri öndürmekde, importyň ornuny tutýan, eksport ugurly azyk önümçiligi senagatyny kämilleşdirmekde durmuşa geçirilýän maksatnamalar aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Innowasion tehnologiýalaryň, sanly ulgamyň ýokary tizlik bilen ösýän häzirki zamanasynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, azyk senagatynda hem döwrebap tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyna uly üns berilýär. Aýratyn hem, soňky ýyllarda ýurdumyzda häzirki zamanyň kämil enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap kärhanalaryň sany barha artýar. Söwda-senagat eda

Senagat pudagymyzyň ösüşli menzilleri

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhaslary esasynda Garaşsyz Watanymyzda parahatçylyk we abadançylyk rowaçlanýar, milli ykdysadyýetimiz depginli ösýär. «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen baş ýörelgelerimizden ugur alnyp, döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň — ýurdumyzyň her bir raýatynyň bagtyýar, eşretli durmuşda ýaşamagyna gönükdirilen işler üstünlikli amala aşyrylýar. Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän gurluşyk-senagat pudagynyň ösdürilmegi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan milli ykdysadyýetimiziň bu möhüm pudagynda başy başlanan we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylýan giň gerimli özgertmeler esasynda baý ýerli çig mal gorlarynyň binýadynda daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän görnüşleri we möçberi yzygiderli artdyrylýar. Möhüm senagat desgalaryny gurmaga işjeň gatnaşýan hususy telekeçileriň hyzmatdaşlygy üçin amatly şertler döredilýär. Önümçiligiň doly awtomatlaşdyrylmagy, döwrebap innowasion tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, täze kuwwatly kärhanalaryň gurulmagy we ozal bar bolanlarynyň durkunyň täzelenilmegi ýurdumyzyň dünýäniň senagat taýdan ö

Täsin kölüň baýlyklary

Täze eýýamyň taryhy tutumlary Berkarar Watanymyzy durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösdürmekde giň gerimli özgertmeler täze taryhy eýýamda belent sepgitleri nazarlaýar. Uglewodorod hem-de himiýa çig mal serişdeleriniň baý gorlaryny özünde jemleýän welaýatymyzda ykdysadyýetiň senagat pudagyny ösdürmekde üstünliklere beslenýän taryhy tutumlar muny aýdyň görkezýär. Şunda himiýa senagaty geljegi uly pudaklaryň biri bolup durýar. Ýokary derejede minerallaşan ýerasty senagat suwlarynda ýoddur bromdan başga-da, litiý, bor, stronsiý, rubidiý ýaly gymmatly we seýrek duş gelýän  elementler bar. Önümçiligiň dürli ugurlarynda, aýratyn hem okgunly ösýän elektronikada, radiotehnikada, kosmos tehnikasynda ulanylyşynyň durnukly artmagy olaryň ýerasty suwlardan alynýan möçberlerini köpeltmek zerurlygyny orta çykarýar.

HALKARA SERGI

Şu gün, 15-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň halkara sergisi açyldy. Halkara sergisiniň esasy maksady azyk önümçiligine täze döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmakdan, azyk howpsuzlygyny gazanmakdan, ilaty azyk önümleri bilen durnukly üpjün etmekden, içerki bazarlarda azyk bolçulygyny döretmekden ybaratdyr.

Täze sepgitleriň başlangyjy

Arzuw-maksatlaryň, mümkinçilikleriň hem-de ösüşleriň bir-biri bilen sazlaşyp, berkarar bolmagy halkyň, döwletiň geljek ýolunyň rowaçlyklaryny hasyl edýär. Prezident Maksatnamasynda ýurdumyzyň esasy ugurlarynda durmuşa geçirilmegi göz öňünde tutulýan maksatlar berk binýatlara daýanmak bilen, ösüşleriň yzygiderli dowam etdirilmegini nazarlaýar. Halk hojalyk toplumyny senagatlaşdyrmak, ykdysady kuwwaty artdyrmak, ýurdy innowasion ýol bilen ösdürmek wezipeleri bolsa, ösüş maksatnamalarynyň esasyny düzýär. Ýurdumyzyň ähli künjeginde ýaýbaňlandyrylan giň möçberli gurluşyk işleri bu pudagy gurluşyk materiallary bilen bökdençsiz üpjün etmegi şertlendirýär, dürli pudaklary, şol sanda gurluşyk serişdeleri senagatyny ösdürmäge itergi berýär. Gurluşygyň depginlerini güýçlendirmek, ýurdumyzda bäsleşige ukyply gurluşyk toplumyny emele getirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, şol sanda ony gurluşyk materiallaryny ösdürmek arkaly pugtalandyrmak boýunça zerur işler alnyp barylýar. Ine, munuň aýdyň mysalyny baharyň ajaýyp maý günlerinde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ýylda 1 million tonna sement öndürmäge niýetlenen Bäherden sement zawodynyň ikinji tapgyrynyň açylyşy hem dabaralandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň täze, döwrebap önümçiligiň ulanmaga berilmegi mynasybetli dabara gatnaşmagy bu waka üýtgeşik many, täze ýalkym berdi. Ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň

Önümleriň mukdary artdyrylýar

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we sagdyn durmuş ýörelgelerini rowaçlandyrmak boýunça netijeli işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň «Türkmen dermansenagat» birleşiginiň Bereket etrabynda ýerleşýän Ýod önümçiligi kärhanasynda derman serişdeleriniň 30-dan gowrak görnüşi öndürilip, halka ýetirilýär. Önümçilik kärhanasynyň önümleri hil taýdan tapawutlanýar. Bu önümçilik kärhanasynda 5 sany bölüm hereket edýär we önümçilik sehlerinde derman serişdeleri öndürilýär. Ýodly galamlaryň, powidonyň, ýodly taýajyklaryň, lukmançylyk pamyklarynyň, diş tamponynyň, awtoulaglar üçin ilkinji lukmançylyk gutularynyň we beýleki serişdeleriň dürli görnüşleri önümçilige goýberilýär.