«Fesco» we «Ratraco» Russiýadan Wýetnama göni demir ýol hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

17 Maý 2024
426

«Fesco» ulag topary we Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory Russiýadan Wýetnama göni demir konteýner hyzmatyny ýola goýmagy maksat edinýärler. Bu barada «Fesco» özüniň resmi Telegram-kanalynda habar berýär.

«Biz Hanoýda Wýetnamyň «Ratraco» logistika operatory bilen hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdik. Şol resminamanyň esasynda bolsa Russiýadan ýola düşüp, Hytaýyň çäginden Wýetnama barýan göni demirýol konteýner hyzmatyny ýola goýmagy meýilleşdirýäris» — diýlip, toparyň habarynda beýan edilýär.