Dünýä bazaryndaky paýyny 30 göterime ýetirmegi maksat edinýär

19 Maý 2024
347

Ýaponiýanyň Hökümeti awtoulag önümçiligini sanlylaşdyrmak üçin täze maksatnamany tassyklamagy meýilleşdirýär. Oňa laýyklykda, milli öndürijiler tarapyndan 2030-njy ýyla çenli ýokary programma üpjünçiligi ornaşdyrylan ulaglar bu ugurdaky dünýä bazarynyň 30 göterimini emele getirer.

Munuň üçin ýapon hökümeti kompaniýalaryň arasynda üç ugur boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegi meýilleşdirýär: programma üpjünçiligini döretmek, özbaşdak (awtonom) dolandyryş we maglumatlary ulanmak. Hususan-da, «Toyota Motor», «Honda Motor» we «Nissan Motor» ýaly iň iri ýapon awtoulag kompaniýalarynda 2025-nji ýyldan başlap şeýle hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy göz öňünde tutulýar.

Taýýarlan: Süleýmangeldi ATAGELDIÝEW,
Arkadag şäheriniň awtomenzili we awtotoplumy müdirliginiň başlygy.