Russiýadan Hytaýa tebigy gaz ibermek üçin täze turbageçiriji gurlar

19 Maý 2024
466

Russiýadan Hytaýa tebigy gazy ibermek üçin täze turbageçiriji gurlar. «Sibiriň güýji 2» diýlip atlandyryljak täze turbageçiriji her ýyl 50 milliard kub metr rus gazyny Hytaýa akdyrmaga mümkinçilik berer. Bu barada Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putiniň Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň çäginde mälim edildi.

Mongoliýanyň çäginden geçjek, umumy uzynlygy 2600 kilometre deň bolan tebigy gazy akdyrmaga niýetlenen turbageçiriji bilen ugurdaş täze nebit turbageçirijisiniň hem gurulmagy meýilleşdirilýär.

Taýýarlan: Tirkeş JUMADURDYÝEW,
TDBGI-niň mugallymy.