Aşgabat — arzuwlaryň mekany

16 Maý 2021
774

Şeýle at bilen Ahal welaýat kitaphanasynda duşuşyk geçirildi. Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat we Ak bugdaý etrap birleşmeleriniň hem-de welaýat kitaphanasynyň bilelikde guramagynda bolan duşuşyk merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlandy.

Jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň, kitaphana işgärleriniň gatnaşmagynda geçirilen duşuşygy Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň hünärmeni, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty Baýramsoltan Myradowa açyp, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň häzirki taryhy günlerinde baş şäherimiziň — Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralarynyň ähmiýeti dogrusynda buýsanç bilen gürrüň etdi. Onuň belleýşi ýaly, ulus-ilimiziň merjen şäherimize bolan söýgüsi we buýsanjy çäksizdir. Munuň şeýledigine paýtagtymyzyň şanly toýy mynasybetli geçirilýän dürli mazmunly duşuşyklara, maslahatlara, bäsleşiklere we dabaralara işjeň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Arkadagyň ak şäheriniň barha özgerýän keşbi her birimiziň kalbymyzy joşa getirýär, ýüreklerimize ylham berýär. Aşgabady sebitiň merjenine öwren hormatly Prezidentimize alkyş aýdýarys.

Akgözel HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Ahal welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy. SURATDA: duşuşykdan pursat.