Hünär ussatlygyny görkezdiler

16 Maý 2021
607

Şeýle at bilen welaýat häkimliginiň Gökdepe etrabynda ýerleşýän 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebinde bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününiň, merjen şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň şanly toýunyň öňüsyrasynda geçirilen bu hünär bäsleşigine mekdebiň talyp gyzlary gatnaşdy.

Eziz Diýarymyzda giňden bellenilýän şanly seneler mynasybetli mekdebimizde baý many-mazmunly çäreleri, şol sanda döredijilik duşuşyklarydyr bäsleşikleri, maslahatlary, sport ýaryşlaryny, saz-söhbetli dabaralary geçirmek asylly däbe öwrüldi. Ruhubelent talyp ýaşlar mekdebimizde berilýän bilimiň esaslaryny, öwredilýän hünärleri netijeli ele almak bilen birlikde, guralýan çärelere höwesli gatnaşýarlar. Nobatdaky hünär bäsleşigi bolsa, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň çärelerine baý many goşan we talyplaryň işjeň gatnaşan bäsleşikleriniň biri boldy.

Oguloraz NEPESOWA,
Ahal welaýat häkimliginiň 5-nji başlangyç hünär okuw mekdebiniň mugallymy. Suratlarda: bäsleşikden pursatlar. Surata düşüren B.ATAÝEW.