Sanly ulgamyň mümkinçiligi

16 Maý 2021
704

Türkmen halky bilime, ylma, okamaga, öwrenmäge uly sarpa goýýar. Pederlerimiz ýaş nesliň sowatly, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin aýratyn aladalanypdyrlar. Häzirki bilimiň, ylmyň, tehnologiýalaryň ösýän döwründe okamak, öwrenmek, dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gadam basmak esasy talaplaryň birine öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban halkymyzy, eziz Diýarymyzy ösüşiň täze belentliklerine ýetirip, jemgyýetiň gülläp ösmeginde bilimiň we ylmyň ornuny ilkinji hatarda goýdy. Milli bilim-ylym ulgamynyň depginli ösüşi ýurdumyzda neşir edilýän gazet-žurnallaryň işinde hem dünýä derejesindäki täzeçillikleri döretdi.

Häzirki wagtda täze «Türkmenmetbugat» programmasy arkaly ýurdumyzda neşir edilýän gazetlere elektron görnüşinde abuna ýazylyp, gündelik gazetleri onlaýn arkaly okap bolýar. Onlaýn gazetler bize haçan, nirede bolsak hem gerekli maglumatlardan peýdalanmaga oňaýly şertleri döredýär. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça işlenip taýýarlanylan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda hem-de gazet-žurnallary elektron görnüşine geçirmek baradaky beren tabşyryklaryndan ugur alnyp ýola goýlan «Türkmenmetbugat» programmasy okyjylaryň gyzyklanmasyna eýe boldy.

Tawus GYLYJOWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.