Maşgala mukaddesligine sarpa

15 Maý 2021
734

Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Esenguly etrap bölüminiň etrabyň jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde etrap medeniýet merkeziniň tomaşaçylar zalynda medeniýet, bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda zähmet çekýän aýal-gyzlaryň, şeýle hem kümüş saçly mährem eneleriň gatnaşmaklarynda guran dabaraly maslahaty baý many-mazmuna eýe boldy. Onda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň gadymdan bäri öz many-mazmunyny ýitirmän gelýän däp-dessurlaryna, edim-gylymlaryna, maşgala mukaddesligine uly hormat goýup, şeýle asylly ýörelgeleri ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň ynamly dowam etdirmegi üçin bimöçber tagallalary edýändigi, ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde, maşgala ojagyna dahylly gymmatlyklaryň ähmiýetiniň uludygy barada täsirli gürrüň etdiler.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan belent ösüşlere aýal-gyzlaryň goşýan mynasyp goşandy hakyndaky söhbetlere maslahatda aýratyn orun berildi. Halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine eýermegi, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmagy, eşretli, bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertleri döredýän Arkadag Prezidentimize çyn ýürekden çykýan alkyşlar aýdyldy.

Arazgeldi GURBANÝAZOW,
«Balkan».