Merjen şäheriň waspnamasy

15 Maý 2021
1049

Düýn Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet hem-de ulag we aragatnaşyk toplumlarynda hormatly Prezidentimiziň ýakynda halkymyza peşgeş beren «Ak şäherim Aşgabat» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralary geçirildi. Dabaralara bu ulgamlaryň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarydyr talyplary, şeýle-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaralarda çykyş edenler diňe bir syýasy taýdan däl, eýsem, ähli ugurlar, şol sanda maliýe-ykdysadyýet we ulag-aragatnaşyk ulgamlary babatda hem ýurduň dolandyryş merkezi bolan merjen paýtagtymyz hakyndaky bu ajaýyp kitabyň many-mazmuny, gadyr-gymmaty barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olaryň belleýşi ýaly, Aşgabadyň 140 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolan bu kitap milli Liderimiziň jöwher paýhasyndan dörän eserleriň üstüni ýetirdi. Giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenen kitapda Aşgabadyň taryhy, häzirki ösüşli menzilleri baradaky maglumatlar giňişleýin beýan edilýär. Kitapda berilýän maglumatlar bilen ugurdaşlykda, şäheriň dürli döwürlerdäki keşbini açyp görkezýän, dürli künjeklerinden düşürilen fotosuratlaryň hem bolmagy onuň täsirliligini has-da artdyrýar. Islendik adam kitaby okap, «Aziýanyň merjen şäheri» adyny alan Aşgabadyň giň hem owadan köçeleri, ak mermere beslenen kaşaň binalary, tebigy gözellikleri, bagy-bossanlyga bürenen seýilgähleri bilen ýakyndan tanyşmak mümkinçiligine eýe bolýar. Kitapda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, paýtagt şäherimizde ýurduň maliýe-ykdysady, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynyň hem täze, häzirki zaman düzümleriniň döredilýändigi töwerekleýin açylyp görkezilýär. Mahlasy, bu ajaýyp kitap ýurduň paýtagty baradaky baý maglumatlary özünde jemleýän özboluşly gollanmadyr.

Aýmyrat PIRJIKOW.
«Türkmenistan».