Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününe

14 Maý 2021
913

BERKARARLYGYŇ MIZEMEZ SÜTÜNI

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň şanly hem taryhy wakalarynyň üstüni ýetirýän ýene-de bir ajaýyp sene — döwlet Garaşsyzlygyny, agzybir halkymyzyň bitewüligini, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlylygyny alamatlandyrýan milli buýsanjymyz bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni zähmetkeş halkymyzyň guwanç-buýsanjyny artdyrýar. Bu goşa baýramçylygyň gözel paýtagtymyz Aşgabadyň 140, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly seneleriniň dabaralaryna utgaşmagy onuň many-mazmun bilen baýlaşmagyny üpjün edýär.

Seýitmyrat SEÝITMÄDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky etrap poçta aragatnaşyk merkeziniň başlygy.