Senagat kärhanalarynda

14 Maý 2021
852

ÝOKARY HIL — NETIJELI IŞ

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe milli ykdysadyýetimiziň beýleki pudaklary bilen bir hatarda, dokma senagaty hem güýçli depginde ösýär. Dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşýan ýurdumyzyň bu pudagynyň ähli ugurlarynyň innowasiýa esasynda yzygiderli ösdürilmegi, diňe içerki bazary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmän, dünýä bazarynda uly islegden peýdalanýan, halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän dokma önümlerini ibermegiň möçberleriniň artmagyna itergi berdi. Belent maksada gönükdirilen döwlet syýasaty netijesinde, dokma pudagynda ýokary netijeli önümçilik kuwwaty döredildi. Has kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan onlarça dokma kärhanalary gurlup, ulanylmaga berildi. Şular bilen bir hatarda, pudakda öndürilýän önümleriň hiliniň ýokarlanmagyna we olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň talaplaryna laýyk gelmegine hem uly üns berilýär. Hususan-da, dokma senagaty üçin zerur bolan çig malyň, ýagny pagtanyň, ýüpegiň öz ýurdumyzda öndürilmegi pudagyň okgunly ösüşini üpjün edýär.

Şekerjan AHMEDOWA,
žurnalist, zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.