Öri meýdanlaryny ýangyndan goralyň!

14 Maý 2021
985

Tomsuň yssy howasy öri meýdanlarynda, esasanam, Garagum sährasynda otlaryň çalt guramagyna getirýär. Otlaryň guramagy ýangyn howpuna şert döredýär. Çölde, öri meýdan bolup hyzmat edýän çöl eteklerinde, düzlüklerde dörän ýangynlar haşal otlar bilen birlikde, şol töwerekde bar bolan medeni ekinlere hem zyýan berip biler. Ýangyn dörän halatynda, mallaryň, çöl haýwanlarynyň köpçülikleýin heläk bolmagyna getirip bilýär. Şeýle ýangyn hadysalary köp halatlarda adamlaryň özleriniň seresapsyzlygy bilen ýa-da ýangyndan goraýyş çärelerine biperwaý garamagy sebäpli ýüze çykyp bilýär.

Öri meýdanlarynda, düzlüklerde ýangyn hadysalarynyň ýüze çykmazlygy üçin ýangyn howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek hökmandyr. Eger-de ot ýakmakçy bolsaňyz, 15 metr radiusda arassalanan meýdança saýlanyp alynmalydyr. Ody 0,5 metr çuňlukda gazylan çukuryň içinde ýakmaly. Ot ýakylyp bolandan soň, galan çoglaryny suw ýa-da toprak, çäge sepip söndürmelidir. Çilim çekilip, söndürilmän taşlanan galyndysynyň ýangyn hadysasynyň döremegine sebäp bolýandygyny çölde, öri meýdanlarynda, düzlüklerde gury gyrymsy otlaryň bar ýerlerinde gezýän, geçýän adamlaryň bilmegi zerurdyr. Mundan başga-da, sürüjiler awtoulaglaryny haşal, gyrymsy, gury otlaryň üstünden sürenlerinde, çendenaşa gyzan tüsseçykarlaryň guran ot-çöplere degip, ýangyn howpunyň döremegine sebäp bolmagy mümkindir. Sürüjiler awtoulaglaryň, traktorlaryň tüsse çykaryjylaryny goşmaça uçgun söndürijiler bilen üpjün etmelidirler, matalaryň, ýagly hapa esgileriň, çüýşe, aýna bölekleriniň zyňylmagyna ýol bermeli däldirler.

Alişer KAZAKOW,
welaýat Polisiýa müdirliginiň ýangyn howpsuzlygy bölüminiň Daşoguz şäherindäki harbylaşdyrylan ýangyn howpsuzlyk bölüminiň başlygy, içerki gullugyň podpolkownigi.