Çeper elli halyçylaryň üstünligi

14 Maý 2021
799

Ýurdumyzda her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde Türkmen halysynyň baýramy uludan bellenilip geçilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, şeýle-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň uludan bellenilýän ýyly bolan «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda hem haly baýramyny bellemäge şu günlerden ýokary derejede taýýarlyk görülýär. «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda halyçy gelin-gyzlarymyzyň arasynda birnäçe döredijilik hem-de hünär bäsleşikleri geçirilýär. Şeýle bäsleşikleriň biri hem «Arkadag paýhasyndan ady dünýä dolan türkmen halysy» atly bäsleşikdir. Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçirilýän bu bäsleşik Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň, Kärdeşler Arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, şeýle-de «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň bilelikde guramagynda ýylyň-ýylyna geçirilýär.

Golaýda paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýinde bu bäsleşigiň döwlet tapgyry geçirildi. Oňa welaýatdyr şäher tapgyrlarynda birinji orny eýelän halyçy gelin-gyzlaryň 12-si gatnaşyp, öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.