Röwşen geljegiň eýeleri

14 Maý 2021
884

Ýurdumyzyň bagtyýar nesliniň dünýä ülňülerine laýyk bilim almagyny, ylym öwrenmegini, asyrlaryň dowamynda ata-babalarymyzyň kämillik mekdebini geçen milli ruhumyza, nusgalyk durmuş ýörelgelerimize laýyk edepli-terbiýeli, watansöýüji, ruhy we beden taýdan sagdyn adamlar bolup ýetişmeklerini gazanmak meselesi hemişe hormatly Prezidentimiziň üns merkezinde durýar. Şeýle aladalaryň netijesinde Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanuny ýaşlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ykdysady, syýasy hem-de medeni durmuşyna ýaşlaryň doly hukukly gatnaşmaklary üçin has oňaýly şertleri döretmekde möhüm ähmiýete eýedir. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjiligi bilen taýýarlanylan, uzak geljege gönükdirilen Döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde ýaşlarymyzyň hem goşandy uludyr.

Mekdep okuwçylarynyň geljekde ykdysadyýetimiziň dürli ulgamlarynda zähmet çekmeklerini gazanmak ugrunda etrabymyzyň bilim işgärleri-de gujur-gaýratlaryny, tejribelerini gaýgyrmazdan zähmet çekýärler. Olar okuwçylaryň okuwdan daşary geçirilýän goşmaça sapaklara, gurnaklara gatnaşmaga bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen işleri hem alyp barýarlar. Bulardan başga-da, sport ýaryşlaryny, ders, taslama we hünär bäsleşiklerini, döredijilik duşuşyklaryny ýygy-ýygydan geçirýärler. Bäsleşiklerde ökde türgenler, eli hünärli ýetginjekler, çeper döredijilige höwesjeň ýaşlar özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezip, tapawutlandyryjy baýraklara mynasyp bolýarlar. Biz hem hünäre höwesli ýaşlary ýüze çykarmakda, olaryň ylymly-bilimli, edep-terbiýeli, başarjaň adamlar bolup ýetişmekleri ugrunda dürli maksatly işleri guraýarys. Şeýle-de bu çärelere has işjeň gatnaşýan ýaşlary sowgatlar bilen höweslendirip durýarys.

Jennet HEMMIÝEWA,
Türkmenistanyň Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Halaç etrap geňeşiniň hünärmeni.