Erki synmaz, binýady mizemez

14 Maý 2021
804

Çillemesi aýazly günleri başdan geçirip, gyş ukusyndan oýanyp, tebigatyň tämiz howasyny buşlaýan, toý-baýrama beslenen ýakymly günler gelip ýetdi. Sallanyp dogan nurly Günüň tyllaýy tyglary türkmen topragyna bolluk eçilip, adamlaryň nurana kalbyna aramlyk çaýdy. Toý-baýrama beslenýän, mukaddes ýaşyl Tugumyzyň mertebeli baýramy hem ýetip gelýär.

Berkarar döwletimiziň berkararlygynyň nyşany, türkmeniň başynyň täji bolan Baýdagymyza gözümiz düşende, göwünlerimiz galkynyp, özümiziň türkmendigimize bolan buýsanjymyz goşalanýar. Biz Baýdagyň reňkine, görküne maýyl. Al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Baýdagymyzyň meňzinde halkymyzyň ýüreginiň mähir-muhabbeti, sahawatly türkmen topragynyň kerem-keramaty bar. Oguz han atamyzyň şu toprak üçin, ar-namys üçin döş geren gerçek ogullarynyň watanperwerligi bar. Ýaşyl Baýdagymyzda güýzde ekilip, gyşda penje ýazyp, ýazda saralyp bişýän, ýyla ýetmänem saçagymyza gaýdyp gelýän mele-myssyk çöregiň mukaddesligi bar.

Baýmyrat GURBANGULYÝEW,
talyp.