Okgunly ösüşleriň özeni

14 Maý 2021
814

Berkarar döwletimiz Merkezi Aziýa sebitinde depginli ösýän ýurt hökmünde giňden tanalýar. Häzirki wagtda Türkmenistan parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň hatyrasyna uzak möhletli strategik hyzmatdaşlyk üçin ygtybarly esas bolan halkara konwensiýalarynyň ýüzlerçesine goşuldy. Halkymyzyň milli tebigatyndan gelip çykýan parahatçylyksöýüjilikli syýasatyny ýöredýän Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri üçin açykdyr. Ýurdumyzyň kanunçylyk ulgamynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi Türkmenistandaky amala aşyrylýan özgerişlikleriň berk hukuk esaslaryny ýola goýýar. Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşleriniň hem güwäsidir. Milli Parlamentimiziň iki palataly ulgama geçmegi döwletimizi we jemgyýetimizi ösdürmekde, demokratiýany çuňlaşdyrmakda, halkymyzyň ýaşaýşyny mundan beýläk hem gowulandyrmakda, Kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine gözegçiligi güýçlendirmekde örän ähmiýetlidir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, geçen ýyllarda Garaşsyz ýurdumyzyň Milli Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek, durmuşymyzyň ähli taraplaryny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça uly işler edildi. Biz häzirki wagtda demokratiýanyň jemgyýetimize mäkäm ornaşandygyny ähli ulgamlarda synlap bilýäris.

Mähriban Arkadagymyzyň ilhalar başlangyjy bilen Türkmenistanyň Milli Geňeşi döredildi, onuň kanun çykaryjy palatasy Mejlis, wekilçilikli Palatasy hem Halk Maslahaty diýlip atlandyryldy. Munuň özi kanunçylyk ulgamynda biziň öz milli ýörelgämiziň kemala gelendigini tassyklaýar. Iki palataly milli Parlamente geçilmegi hormatly Prezidentimiziň Türkmenistan döwletimizi dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşmak ugrundaky tagallalarynyň berýän ajaýyp miwesidir. Bu özgertmeleriň biziň geljegimiziň şu günküden hem kämil bolmagyny, ýaşaýyş-durmuşymyzyň ýokary derejä galmagyny üpjün etjekdigini biz ynam bilen aýdyp bilýäris.

Bagtyýar AÇYLOW,
Darganata etrap kazyýetiniň kazysy.